TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara sergi guralar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sene Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, şu ýylyň 6-njy awgustynda belleniler.

Bu baýramçylyk mynasybetli “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022” atly halkara sergini hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirildi.

Gözden geçirilişe ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň, daşary ýurtlaryň bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Sergide gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda, himiýa senagatynda, ýol gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada maglumat berýän gymmatlyklar görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de köpugurly ösdürilmegine, baý tebigy serişdeleriň işjeň ulanylmagyna we sebitleriň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde wajyp orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Öňde boljak çäreler bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň beýanyna öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de serginiň we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle