TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.com

Gurbandurdy Gurbansähedow

Ady we familiýasy: Gurbandurdy Gurbansähedow

Doglan ýeri: Mary welaýaty Sakarçäge etraby Garaýap obasy

Doglan senesi: 1919-njy ýylyň 5-nji oktýabry

Aradan çykan senesi: 1992-nji ýylda

 Bilimi:Aşgabatdaky mugallymçylyk instituty

Gysgaça maglumat: Gurbandurdy Gurbansähedow Türkmenistanyň halk ýazyjysy, terjimeçi, edebiýatşynas.

G.Gurbansähedow döredijilik işine talyp ýyllary (1939) başlaýar. Onuň “Toýly Mergen”, “Ýürek daş däl”, “Suraý”, “Söýseň”, “Mähriban adam”, “Kyrk teňňe”, “Çakylyk”, diýen ýaly eserleri türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant boldy.G.Gurbansähedowyň “Hang”, “Jennet”, “Dökülmedik gan”, “Tawus”, “Azaşan ýigit”, “Duzuň tagamy” diýen sahna eserleri tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Onuň “Aýratyn tabşyryk”, “Soňky ýol”, “Çöl”, “Gämiçiniň jany bir” diýen çeper filmleri türkmen kino sungatyny baýlaşdyrdy. Onuň “Akmak patyşa”, “Arwah”, “Enäniň tabşyrygy” diýen ertekileri ýaş okyjylaryň söýgüli eserleri boldy.

G.Gurbansähedow ömrüniň soňky ýyllarynda “Kärizden çykan adam”, “Kesekliden” hekaýalaryny  ýazýar. Bu eserler Garaşsyz Türkmenistanyň taze türkmen edebiýatynda 1937-1938-nji ýyllaryň pajygaly wakalary barada ýazylan ilkinji hekaýalaryň biri hasaplanýar.

Gurbandurdy Gurbansähedow öz halkynyň, öz döwrüniň perzendi. Onuň eserleri okyjylaryň ahlak, ynsap, lebiz, messap, gaýrat, namys duýgularyny ösdürýär.

 

Çeşme: G 32 Edebiýat. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synpy üçin okuw  kitaby.-A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016 sahypa-225-226

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi: 25.04.2022 ýyl

 

Berdi Kerbabaýew

 

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy:
  • Doglan ýeri:
  • Doglan senesi:
  • Aradan çykan senesi:
  • Bilimi:
  • Gysgaça maglumat:
  • Çeşme:
  • Taýýarlan:
  • Taýýarlanan senesi:

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle