SPORT

Gurban Berdiýew maslahatçy bolar

Russiýanyň “Kamaz” toparynyň baş müdiri Aýnur Minnehanow Gurban Berdiýewiň toparyň Türkiýe Respublikasyndaky türgenleşigine näme üçin goşulandygyny mälim etdi.

Ol bu barada şeýle diýdi:

Gurban Berdýew tälimçilik ulgamynyň bir bölegi. Maslahat bermek üçin toparymyza goşuldy. Bu pikir nädip ýüze çykdy? Gurban Berdýew Tatarstan Respublikasyna nätanyş adam däl. Biz Tatarstanyň topary bolup, Gurban Berdiýewiň tejribesinden peýdalanmak isledik. Biz habarlaşdyk, gürleşdik, şondan soň Gurban Bekiýewiç gelmäge hoşniýetlilik bilen razy boldy. Şertnama barada gürrüň edilmeýär. Häzirki wagtda bu maglumatlaryň hemmesi.

“Kamaz” topary Russiýanyň çempionatynuyň 2-nji diwizionynyň 4-nji toparynda çykyş edýär. Topar çykyş edýän çempionatynda 15 duşuşykda 31 utuk toplap, 4-nji orunda barýar.

 

«Nowruz gözeli ― 2021» halkara gözellik bäsleşigi geçirildi

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi