DÜNÝÄ

“Gözi ýaşartmaýan” ilkinji sogan

Sogan diýlende, ilkinji bolup aňyndan “gözýaş” emele gelýär. Belki, sogan dogramak tagam taýýalamagyň iň pikirlendirýän taraplarynyň biri bolup durýar. Sogan dogranyňda, gözüň ýaşarmazlygy üçin dürli emeller hem edilýär.

Ýöne mundan beýläk, sogan dogranyňyzda gözüňiz ýaşarmaýar. ABŞ-da bu ugurda uzak ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy-barlaglar öz netijesini berdi. Amerikali seleksioner ilkinji süýji soganyň görnüşini oýlap tapdy. Munuň üçin köp sanly ylmy-barlaglary geçirmek gerek boldy. “Gözüňi ýaşartmaýan” sogan hasaplanýan “Sunions” döretmek üçin seresaplylyk bilen saýlanan az sanly ajy görnüşli soganlary çaknyşdyrmak işleri geçirildi.

Ol adaty soganlardan 3 esse gymmat bolar. Ýöne sarp edijileriň şeýle sogany satyn alyp-almajakdygy entek belli däl.

Şeýle soganlar eýýäm Beýik Britaniýanyň söwda merkezleriniň tekjelerinde öz ornuny aldy. Şeýle ak soganlaryň 3 sanysy gaplanan görnüşde 1,50 funt-sterlinge satylýar.

 

Içeri işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy