TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gondurasyň ilkinji zenan Prezidenti

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Siomara Kastro Gondurasyň ilkinji zenan Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Ýurduň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy ýurduň döwlet teleýaýlymynda göni efirde alnyp görkezildi.

– Respublika wepaly bolmaga, konstitusiýasyny we kanunlaryny ýerine ýetirmäge we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge wada berýärin – diýip, ilkinji zenan Prezident kasam kabul ediş dabarasynda belläp geçdi.

Şeýle hem zenan Prezident 1 million garyp maşgalalara mugt elektrik togunyň beriljekdigini belledi.

Garyplyk, migrasiýa, bikanun neşe söwdasy we korrupsiýa garşy göreşde aýgytly göreş alyp barjakdygyny bellän Kastro bilim, saglyk, howpsuzlyk we iş üpjünçiligini ösdürmäge çalyşjakdyklaryny aýtdy.

Kasam kabul ediş dabarasy ýurduň esasy futbol meýdançasynda geçirildi. Ýurduň paýtagty Tegusigalp şäheriniň futbol stadionyny 12 müňden gowrak raýat ýygnandy.

Kasam kabul ediş dabarasyna Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI, ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasary Kamala Harris, Argentinanyň wise-prezidenti Kristina Fernandes de Kirşner, Meksikanyň daşary işler ministri Marseloa Ebrard we Boliwiýanyň ozalky prezidenti Ewo Morales gatnaşdy.

2013-nji ýylda Siomara Kastro ilkinji gezek ýurduň prezidenti wezipesine dalaş etdi. Emma şol döwürde ýeňiş gazanyp bilmedi.

Ol geçen ýylyň noýabr aýyndaky prezident saýlawlarynda sesleriň köplügini alyp, prezidentlige saýlandy.

 

 

Awtoulag pudagyna 23 milliard ýewrolyk maýa goýum

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle