SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Glen Gilmore: Türkmenistan mende ýakymly täsirler galdyran ýurt

Glen Gilmore –jemgyýetçilik media strategisti. Glen jemgyýetçilik mediada täsir ediji, şeýle hem syýahatçy bolup, onuň sanly marketing we tehnologiýa baradaky pikirlerine eýerýän uly onlaýn jemgyýeti bar. Mundan başga-da ol dünýäniň iň uly kompaniýalary bilen işleýär. Ýaňy-ýakynda Glen Gilmore Türkiýäniň Stambul şäherinde jemgyýetçilik mediýa ulgamynyň tehnologiýasy barada tanyşdyrylyş çäresine gatnaşypdyr.

Şol dabarada Glene Türkmenistan döwletine gelip, jemgyýetçilik mediýa ulgamynyň tehnologiýasy barada tanyşdyrylyş çäresi guralan halatynda gatnaşmak baradaky pikiri soralypdyr?

Glen Gilmore bolsa muňa uly höwes bilen baryp biljekdigini belläpdir. Mundan ozal hem Türkmenistana gelip gören Gilmore Türkmenistanyň özünde galdyran ýakymly ýatlamalaryny gürrüň beripdir. Türkmenistanda gadymy taryhy ýadygärliklerden, baý däp-dessurlardan başlap, tebigy ajaýyplyklara we häzirki zaman binagärlik täsinliklerine çenli görendigini aýdyp geçipdir. Şeýle hem syýahatynyň barşynda ÝUNESKO guramasynyň sanawynda durýan gadymy “Merw” şäheriniň özüni haýrana goýandygyny belläp geçipdir.

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly Glen Gilmore bilen söhbetdeşlik gurapdy. Ol şol söhbetdeşliginde hem Türkmenistanyň özüni bendi edendigini we türkmen döwleti baradaky ýakymly ýatlamalaryny hemişe ýatlap durýandygyny belläpdi.

 

Akmuhammet Hanow: Bagtyma şaýat bolan Sungat

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar