DÜNÝÄ

Ginnesiň rekordy: çägeden köşk guruldy

Daniýada adaty däl beýik köşk ymaraty guruldy. Ol hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bolsa, onda onuň üýtgeşik taraplary bolmalydyr.
Bu köşgüň tapawutly aýratynlygy ol hem çägeden ýaslamagydyr. 21 metr belentlige eýe bolan köşk ýurduň demirgazygyndaky Blohus şäherçesiniň golaýyndaky deňiz kenarynda guruldy.
Munuň üçin niderlandly Uilfred Stidjeriň ýolbaşçylygynda 30 heýkeltaraş işledi. Desganyň has durukly bolmagy üçin ony piramida görnüşinde gurmak hem-de aşagyna agaçdan gurnamalary orturtmak maksat edinildi.
Ägirt uly köşk ymaratyny gurmak üçin 5 tonna çäge hem-de birnäçe ýüz tonna palçyk gerek boldy.
Daniýanyň köşgi dünýäniň iň beýik ymaraty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu ugurda ozal goýlan rekord 2019-njy ýylda hasaba alnyp, Germaniýada 18,5 metr belentlikde şeýle köşk ýasalypdy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/7-nji-iyulda-yyldyzlar-name-diyyar-gundelik-taleynama/

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy