DÜNÝÄ

Ginnes rekordy: iň uly agyzly gyz

Her bir diş lukmanynyň arzuw edýän wakasy bolup geçdi. Amerikanyň raýaty iň giň agzyň eýesi hökmünde ykrar edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan “TikTok” blogçysy Samanta Ramsdell iň uly agyzly hökmünde hasaba alyndy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasyna görä, amerikaly gyzyň yzarlaýançylary ony dünýä rekordyna ýüz tutmaga ruhlandyrdy.

Şeýlelikde, bu gyz agzyny doly açyp, ony sanly ştangensirkul bilen ölçediler. 31 ýaşy gyzyň agzy doly açylanda 6.52 samtimetre deň bolýar. Ol hem zenanlaryň arasynda iň uly görkezijisi. Agyz şeýle giňlikde açylanda oňa bir sany tutuşlygyna gök almany, uly porsiýa gowrulan ýeralmasny ýerleşdirmek bolar. Şeýle hem bir gezekde 4 gatly çizburgeri dişläp alyp bolar.

Gyza bu aýratynlygy “TikTok” jemgyýetçilik torunda hem meşhurlyk gazandyrdy. Onuň abunaçylarynyň sany 1,7 milliona ýetdi. Bu ugurda erkekleriň arasynda Aýzerk Jonson öňdeligi eýelýär., Onuň agzy 10,175 santimetr açylýar.

 

 

Kapasadaky iň garry gaplaň

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanda geçirilen diplomatiýa gününe bagyşlanan halkara sergide wekilçilik etdi

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

Türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi

Tom we Jerry 85 ýaṣady