ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

«General» ýazyjy :Aşyr Nazarow

Hakydada galan ýatlamalar

Ýazyjy Hudaýberdi Durdyýewde şeýle setirler bar: «Päliň-niýetiň gözel bolmak bolsa, kynam däldir. Bolarsyň. Ýekeje bir kyn ýeri ― hemişe özgeleri özüňden sähelçe gowy görmegi başarmaly. Şu parzy ýeke sen däl, hemme kişi berjaý etse, gözüň öňüne bir getirip gör, seni-de biri özünden eziz görer. Şeýdibem adamlar arasynda ählumumy gözellik sazlaşygy berkarar bolar…»

Durşy bilen pelsepä ýugrulan jümleler. «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» diýen nakylymyzyň has giňeldilen, düýpli many-mazmun çaýylan nusgasy.

«Özgeleri özüňden gowy görmek». Şeýtmek başardýarmyka? Oýlandyrýar. Onsoň, tanyş-bilişleriň, dost-ýarlaryň, halypalaryň, ýaşuly nesliň arasyndan şeýleräk häsiýetli adamlary agtarýarsyň. Edil Hudaýberdi Durdyýewiň göz öňünde tutýan adamsyny tapyp bilerin-ä öýdemok. Ýöne mähriban, il-günüň derdine ylgap ýören, hemişe dostluk goluny uzadýan, kyn günüňde gaşyňda gaýym durup duýgudaşlyk bildirýän, gowy günüňe halys ýürekden begenýän adamlar-a tapylýar. Olar üýşüp ýatanok. Emma bar. Şolaryň biri-de, meniň pikirimçe, ýazyjy Aşyr Nazarow. Häzir ony tanaýanlar azalandyr. Ýöne olaryň hemmesi-de meniň aýdýanlaryma hä berer.

Aşyr aga süýji dilli adamdy. Onda hiç hili ýasamalyk ýokdy. Aňyrdan gaýdýardy. Ol hakyky türkmen ýaşulusyna mahsus goýazydy, salyhatlydy. Uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýalydy. Oňa garynjany-da ynjydyp biljek adam däl diýýärdiler. Ol gowy görýänleriniň barysyna «jan» diýip ýüzlenýärdi. Şony kiçi dilden bärde däl-de, halys ýürekden aýdýardy.

Aşyr Nazarow ýetmiş ýedi ýaşynyň dowamynda dürli ýerlerde zähmet çekdi. Olaryň hemmesi-de metbugat, döredijilik bilen baglanyşykly. Aşyr aga «Mydam taýýar», «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan»), «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan»), «Edebiýat we sungat» gazetlerinde, radionyň, telewideniýäniň edebi-çeper gepleşikler redaksiýalarynda işledi. 1965-nji ýyldan tä pensiýa çykýança Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde ilki kyssa seksiýasynyň başlygy, soňra jogapkär kätip wezipelerinde işledi.

«Edebiýat we sungatda» onuň bilen işleşmek miýesser gelmedi. Men bärik gelenimde ol eýýäm başga ýerdedi. Ýöne Aşyr agaly gyzykly gürrüňler welin galypdyr. Ol «Edebiýat we sungatda» jogapkär kätip, medeniýet bölüminiň redaktory wezipelerinde işläpdi. Onuň geçen ýoluny menem geçmeli boldum.

Görşüňiz ýaly, onuň ömrüniň köp bölegi Ýazyjylar birleşiginde geçdi. Döredijilik işgärleriniň bar ýerinde-de, näme, gep-gürrüňem kän, oýun-henegem ýeterlik. Şol degişmeler dilden-dile geçip, ösdürilýärdi, timarlanylýardy, oturylyşyklarda, arakesmelerde gep-gürrüňiň bije başy edilýärdi.

Elbetde, Aşyr Nazarowyň adyndanam kän ýomaklar aýdylýardy. Ähli kişä «gep ýassygy» ýetdirip baraýanok. Munuň üçin degerli esas gerekdi. Aşyr agada şol zatlar aňry ýany bilen ýetikdi. Döredijiliginiň özeni uruş temasyna bagyşlanan. Ikinji jahan urşuna boýdan-başa gatnaşan. Söweş ýoluny Ukrainadan başlap, Germaniýanyň Rostok şäherinde ýeňşe ýeten. Döşüni orden-medallaryň telimsi bezeýär. Watançylyk urşunyň II derejeli ordeni, Gyzyl Ýyldyz ordenleriniň üçüsi, birgiden medallar.

Tüweleme, gahryman kemi ýokdy. Aramyzdan gidensoň-a bu adamynyň jeň meýdanynda näderejede edermenlik görkezendigi hasam äşgär bildirýär. Beýle sylag-derejeler tanyşlyk üsti ýa-da uruşda tüpeňi arkaňa atyp gezeniň, garym gazanyň üçin berilmeýär. Olaryň aňyrsynda şahsy gaýduwsyzlyk ýatyrdy. Aşyr aga hiç haçan uruşda eýtdim-beýtdim, orden-medal köküni aldym diýip özüni mazamlamazdy, magtamazdy. Ýogsa, batyr esgeriň, azajygam bolsa, öwünmäge haky bardy. Aslynda, urşuň ýalnyndan geçmegiň özem gahrymançylyk bilen barabar zatdy. Jan alnyp, jan berilýän ýerde ýeke günden habar ber. Umuman, Aşyr aga goşunda on alty ýyllap gulluk etdi. Gullukdan boşap gelende-de harby pogonynda podpolkownigiň goşa ýyldyzy bardy. Şondan ötri deň-duşlarynyň, hatda türkmen edebiýatynyň aksakgaly Berdi Kerbabaýewiňem oňa «general» diýip ýüzlenmesi tötänden däldi.

Men ony, esasan, Ýazyjylar birleşiginde işlän döwründen bäri tanaýaryn. Bir gezegem ýörite idäp, ýanyna bardym. Edaranyň howlusyndaky daragtlaryň kölegesinde oturan eken. Salamlaşdym. Habarymy berdim. Şol döwür Aşyr aga kyssa seksiýasynyň ýolbaşçysydy. Men ilkinji ýygyndymy okatmaga getiripdim. Kitabyňy neşirýata hödürletmek üçin öňürti Ýazyjylar birleşiginiň kyssa seksiýasyndan geçirtmelidi. Ýagdaýymy düşündirdim. Ol ýüzüme seredip:

― Ýogsa-da, inim, seni tanamadym-la? ― diýdi.

Özümi tanatdym.

― Hä, eşidýän, hekaýalaňy gazetlerden okaýan. Gaty gowy. Oňarypsyň. Papkaňy goýup git. Seksiýamyzyň agzalaryna okadyp göreli. Näme diýýäler, olary diňläp göreli. Galamasynam, görübereris. Wagtyny özüm jaň edip habar biýrin ― diýip, ol golýazmaly papkamy elimden aldy.

Megerem, Aşyr aganyň keýpiniň tutan, diliniň hezilini göresiniň gelýän wagtyna duşaýypdyryn öýdýän. Ol Berdi Kerbabaýew barada gyzykly zatlary aýdyp berdi. Soňundanam şeýle diýdi:

― Berdi aga bolsun, beýleki ýazyjylar bolsun, parhy ýok, ählisiniň gürrüňlerini belläp alýan. Gündelik ýöredýän. Seňňem başyň ýaş. Hökman gündelik ýöretgin. Ir-u-giç geregi çykar. Ýyllar geçer. Gündeligiňe gararsyň welin, barysynyň taryhyň gatlarynda siňip galandygyny bilersiň. Ynha, Berdi agadanam ýakymly ýatlamalar galypdyr. Men Berdi aga barada-da, Ata Salyh, Beki Seýtek barada-da, başgalar barada-da ýatlamalar ýazýan. Şonda gündeligimdäki maglumatlaň belli bahasy ýok…

O döwürler ýaşymyz ýaňy ýigrimiden agan. Gündelik ýöretmek kellä-de syganok. Aşyr aganyň pentlerem bir gulakdan girip, beýlekisinden çykdy. Onuň maslahatyny almanyma indi-indiler ahmyr edip ýörün. Menem köp ýyllaryň dowamynda sütün-sütün halypalar, belli ýazyjy-şahyrlar bilen bileräk işleşdim, deň-duşraklarym bilen dostlukly gatnaşykda boldum. Dogry, aýry-aýry wakalar ýatda galypdyr, ýöne hakydadan uçanlary-da ýeterlik. Umuman, döredijilik işgärleri gündelik ýöretse ýagşy. Şu babatda Aşyr aga ýaly halypalar biz üçin görelde mekdebi bolupdy.

Aşyr Nazarow hoşlaşyp, iş otagyna gitdi. Onuň yzysüre ýene üç-dört sany ýazyjy arassa howadan dem almak üçin howla çykdy. Olaryň hemmesini diýen ýaly tanaýardym. Salamlaşdyk. Gürrüň bary edildi. Ýap-ýaňy şu taýdan turup giden Aşyr aganyňam gulaklary şaňladyldy. Garaz, hezillik boldy. Gülere-degşere bahana tapyldy. Aşyr Nazarow bilen baglanyşykly şol gürrüňleriň käbirini, ýadyma düşüşine görä, edebi ýazga geçirdim. Indi Aşyr aga-da, şol gürrüňi toslap tapyp, märeke gülüşdiren ýazyjylaram ýok. Gürrüňler welin, meniň pikirimçe, diňläniňe degýär.

Hemmeler bilen «jan» diýip gürleşensoň, Aşyr aganyň wäşiräk deň-duşlary onuň özüne-de: «Aşyr aga janam» diýerdiler. Aşyr aganyň «jan sözi» babatda degişme gürrüňlerini ýaýradýanam şolardy.

Ýazyjy Goşjan Seýitmädow Ýazyjylar birleşiginiň çagalar edebiýaty bölüminiň edebi maslahatçysydy. Aşyr aga ikisi bir otagdan girip çykýardy. Goşjan aganyň özi-de Aşyr aga ýaly polady ýumşak adamdy. Aşyr aga onuň ady Goşjan bolansoň, yzyna «jan» goşmajak bolup, «jan» sözüni öňünden getirýärdi. Şonda «jan Goşjan» bolmalydy. Ýöne Aşyr aga, endigine görä, «Goşjanyň» yzyndanam «jan» goşýardy. Şeýlelikde, Goşjanyň ady «jan Goşjan jan» bolup gidýärdi.

Aşyr aga Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine-de uly sarpa goýardy. Ikisiniň arasy-da sazdy. Bir edarada ― Ýazyjylar birleşiginde bir döwürde bilerägem işläpdiler. Gurbannazaryň zähmet rugsadyndan dolanyp gelen uçurlarydy. Ikisi hal-ahwal soraşanlaryndan soň, Aşyr aga oňa şeýle sowal berdi:

― Gurbannazar, dynç mahalyň goşgy ýazdyňmy?

― Ýazdym, Aşyr aga, ýazdym.

― Näçe goşgy ýazdyň?

― On-on bäş dagy bardyr!

― Tutuş bir aýyň içinde bary-ýogy on-on bäş goşgy ýazdyňmy?

― Men özümiň göwnümiň ýetýän goşgulammyň gürrüňini edýän, Aşyr aga! Jemi ýazan goşgulammyň sany ýüzdenem geçýändir.

Aşyr aga şol gezek sesini çykarman oňaýypdy. Ýöne soň-soňlar, Gurbannazar aramyzdan gidenden soň ol  şu wakany dahana getirip: «Gurbannazar ýaly öz-özüne talapkär, şygryýetde jogapkärçiligi duýýan şahyr gaty seýrekdir!» diýerdi.

Döredijiligi uruş bilen baglanyşykly bolansoň, dili duzlurak ýazyjylar Aşyr aga bilen baglanyşykly henege ýol tapýardylar. Olar: «Aşyr Nazarowyň hekaýalarynyň birinde baş gahryman: «Eý, faşist jan, eger garşy bolmasaň, men seni ataýaýyn…» diýip, ýalbarýa» diýşip, ýadyňa-oýuňa düşmejek gep tapyp, töweregindäkileri gyzyl-gyran gülüşdirýärdiler.

Elbetde, hekaýalarda beýle gözden çykgynçylygyň  ýokdugy köre hasa. Bular degişmek üçin çişirilip tapylýan toslamalardy, onuň çaganyňky ýaly häsiýetine ýanalyp aýdylýan warsakylardy. «Her degişmäniň aňyrsynda hakykatdan düşnük bar» diýlişi ýaly, hatda şulara meňzeş degişmelerde-de Aşyr aganyň edep-terbiýeliligi, hoşgylawlylygy, döredijilik dünýäsi güberçekläp galýardy. Ol «Göwni garyp, ruhy baý» diýilýän adamlaryň hilindendi.

Aşyr aganyň ähli eserleri, edil özüni durmuşda alyp barşy ýaly, sadalyga, ýönekeýlige ýugrulandy. Köpüsi başyndan geçiren wakalardy, şonuň üçinem olar ynandyryjydy, okyjylaryň maňzyna batýardy. Ol edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň onlarçasy bilen ýakyndan tanyşdy, köpüsi bilen ysnyşykly aragatnaşykda bolupdy, bileräk işleşipdi, bir binanyň işiginden girip-çykypdy. Şolaryň arasyndan käbirini agzap geçeýin ― Beki Seýtäkow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Hydyr Derýaýew, Aleksandr Aborskiý, Walentin Rybin, Täşli Gurbanow, Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Annaly Berdiýew… Aşyr aga ýazyjylaryň has irkiräk döwrüniň wekilleri (Nurmyrat Saryhanow, Ata Gowşudow, Aman Kekilow, Ruhy Alyýew, Rehmet Seýidow) bilenem gatnaşan, duşuşan adamdy. Ol ýaşuly galamdaşlary barada-da kän ýatlamalar ýazdy, ýörite kitabam çykartdy. Çaky bu işinde, oňa ýöreden gündeligi kän peýda berendir. Umuman, Aşyr aga tutuş ömrüniň dowamynda ýigrimä golaý ýygyndysyny neşir etdirmäge ýetişdi.

Aşyr aganyň gowy taraplary kändi. Ol ýazyjydyr şahyrlaryň toýdur sadakalaryna ilden öňürti barýardy, beýemçilik edýärdi, hoş sözler aýdýardy, göwünlik berýärdi. Ýazyjylaryň biri ýurduny başgaladygy, mähetdel etmän, tanyş-bilişlere habar ýetirýärdi.

Wiý, ýogsa-da, tasdanam unudan ekenim. Aşyr aga bilen baglanyşykly gyzykly wakalaryň başga-da käbirini aýtmaga söz beripdim ahyry.

Hawa, günlerde bir gün Aşyr Nazarow iş otagynda eli gazetli hapa bolup oturanmyş.

― Aşyr aga, eýgilikmi? ― diýip, ýanyna salama gelen kärdeşleriniň biri onuň halyndan habar alypdyr.

― Aý, şu hekaýany okap, ýaman bozuldym. Hiç janyma jaý tapyp bilemok ― diýip, ol bokurdagy dolup gürläpdir.

― Be, adamyň ýüregini üýtgedip biljek beýle hekaýany ýazan kim? ― diýip, kärdeşi üşerilipdir.

― Özüm ýazdym-laý… ― diýip, Aşyr aga sesini endiredipdir. ― Ynanmasaň, oka-da göräý!

Aşyr Nazarowyň durmuşy wakalara baý bolşy ýaly, onuň täleýi-de täsin. 13 ýaşynda birinji synpy gutarýar. Soňra Marydaky mekdep-internat. Başlangyç bilim. Goşun gullugy. Uruş. On alty ýyla çeken harby gulluk. Kyrk ýaşdan soň agşamky işçi-ýaşlar mekdebine gatnap, orta bilim alýar. Uruşda taplanan esger üçin müşgil zat ýokdy. Aşyr aganyň egindeşi, öz döwründe general-maýor derejesini alan Wasiliý Polygalowyň söweşdeş dosty baradaky aýdanlaryny ýatlamak juda ýakymly: «Ysgyn-mydarymyz galmazdy, göwnüçökgünlige çenli barlyp ýetilerdi, ýöne ejizlemezdik, kalbymyzda söweşjeň ruh ýaşardy ― şeýle ýagdaýyň döremegi, ilkinji nobatda, syýasy ýolbaşçymyz Aşyr Nazarowyň şahsy göreldesiniň netijesidir».

Otuz bir ýyl mundan ozal «Edebiýat we sungat» gazetinde hekaýalar toplumym çykdy. Olaryň arasynda «Iki frontuň esgeri» atly kinaýam hem bardy. Has dogrusy, ol kyssada ýazylan edebi parodiýa ― ýaňsylamady. Şol ýaňsylamadan gysgaça parçalary mysal getiresim gelýär:

― «Esgerow ylgawyny ýazdyrman tankyň ýanyna ýetdi. Gös-göni onuň ok atýan nilinden tutagetdin, üstüne dyrmaşdy. Alňasaklykda tas diň-arkan gaýdypdy. Ýöne, şeýle-de bolsa, erjellik edip, etini gataltdy.

Bu sapar tankyň nilinden has ykjamrak ýapyşyp, onuň çür depesine çykdy. Lýugy bir eli bilen usully açdy-da, beýleki eli bilenem granaty tankyň içine oklady.

Edil şo pursat Esgerow tankyň üstünden özüni zyňdy. Ol togarlanyp-togarlanyp gitdi. Ot-çöpler endam-janyny zer-zaw etdi.

Sähel salym geçensoň, ol özüne geldi. Esgerow köne garymyň içinde ýatyrdy. Entrek-tentrek edip, ýerinden galdy. Üst-başyny kakyşdyrdy.

Hälki duşman tanky gyzyl ot bolup, lowlap ýanýardy. Bu Esgerowyň güýjüne güýç goşdy. Ol öz eden işine göwnühoşluk bilen ýylgyrdy. Derini syldy…»

«Şol wagt asmanda iki sany «Messermşmidt» pelesaň kakýardy. Olaryň birisi hasam pessaýlap, Esgerowyň duran ýerine tarap golaýlap gelýärdi.

Ol aljyraman ýere süýndi. Bäşataryny häzirläp, uçara garaşdy. Duşmanyň gyrgysy edil depesine geleňkirlände-de tüpeňiniň mäşesini yzly-yzyna gysdy.

Asmanda goýy gara tüsse peýda boldy. «Messermşmidt»  tüteýärdi. Uçar iňňildäp, dikbaşak ― deňziň içine gapgaryldy. Muňa göhi gelen Esgerow bolsa, gulakçynyny ýokaryk zyňyp-gapýardy…»

Edebi ýaňsylamamyň ahyrynda mekdep okuwçylarynyň biri oňa: «Esger aga, uruşdym-uruşdym diýýäňiz welin, heý, diri faşisti gördüňizmi?» diýip sowal berende, ol: «Faşistleri görmeg-ä däl, hatda olaň birtoparynyň boýnuna syrtmak salyp, ýesirem getirendirin!» diýýän setirlerem bar.

Hekaýalar toplumym bilen edebi ýaňsylamam çykanyndan birki gün geçensoň, ýanyma ― redaksiýa tanyş ýazyjylarymyň biri salama geldi. Ol gazetdäki hekaýalarymy okandygyny, hasam ýaňsylamamy halandygyny ýaňzydyp, ýarym oýun-ýarym çyn bilen şeýle diýdi:

― Ýaňsylamaňy Aşyr agaň hekaýalaryna ýanap ýazdyňmaý? Gülkünjiňem-gülkünji çykypdyr.

Muňa gökden düşene döndüm. Ýaňsylamam kesä çekilip durdy. Aslynda ony urşuň därisiniň ysyny alyp görmedik, ýöne uruş barada çynaberimsiz eser döredýän çemeçilleri göz öňünde tutup ýazypdym. Uruş temasyndan ýazylan mahaly ýerden aýagyňy üzdügiň çoçgara çolaşjagyň bellidi. Aşyr Nazarow uruş hakynda hakykaty ýazypdy. Onda şama-şaýyrdy, elujy hekaýalar ýokdy. Urşuň külpetlerini başyndan geçiren, egni bilen çeken adam nädip ýasama eser döredip bilsin?

Şu zatlary janygyp-janygyp, ýanyma geleniň gulagyna guýdum. Ol öteräk geçenini duýdy öýdýän. Birhili müýnürgedi. Sypaýyçylygy elden berip, gönülän bolmagymam ähtimal. Garaz, uzak eglenmän, ýanymyzdan gidenini kem görmedi.

Aşyr aganyň özümiň ikinji ýygyndyma-da dahylynyň bolandygynam ýatlasym gelýär. 1982-nji ýyldy. Şol döwür hormatly halypalarymyň biri Gurbandurdy Gurbansähedow Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasarydy.

Ol maňa til kakyp, hekaýalar ýygyndymy jemlemegi hem-de Ýazyjylar birleşiginde maslahata goýmagy, soňam ony neşirýata hödürlemegi teklip etdi. Maslahatyň netijesi boýunça ýygyndyny «Türkmenistan» neşirýatynyň önümçilik planyna goşmak kararyna gelinýärdi.

Aşyr aga gürrüňi edilýän ýyllarda Ýazyjylar birleşiginiň jogapkär kätibidi. Maslahata hödürlän ýygyndymy okap çykmak onuň borjuna girmeýärdi. Maňa goýýan hormaty uly bolansoň, ol hekaýalar ýygyndymy ýörite diläp okapdyr, maslahata gatnaşybam kitabym baradaky pikirlerini, tekliplerini aýtdy.

Ýazyjylar birleşmesinde geçirilen şol maslahatyň protokolynyň bir nusgasy saý-sebäp bilen özümde saklanyp galypdyr. Şonda Aşyr Nazarowyň eden çykyşynyň gysgaça beýany-da bar: «Edebiýatda esasy zat ― dil. Ç.Geldimyradowyň obrazly dili bar. Çary taýýarlykly gelen ýazyjy. «Sagat bagy» hekaýasynda işgärleri başlyklaryna sagat bagynyň birtoparyny getirýärler. Şunda hem gülýäň, hem doýmaz-dolmaz adam göz öňüne gelýär. «Şonda-da bir oýlanyşaly», «Wezipe ýelgini», «Barýaka düşünersiň» diýen ýaly hekaýalar ― tüýs durmuşy zatlar. «Garaşylmadyk ahwalat» diýen hekaýa juda oňat çykypdyr. Çagalary goramak boýunça dissertasiýa gorajak bolup ýöreniň birini ― öz ogly «urýar». Oýlandyrýan mesele.

Kä sözler, kä öwrümler käte gaýtalanmaz ýaly, ýene bir tutuşlygyna göz gezdirmeli. Kitap edip hökman çykarmaly. Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna-da kabul etmeli».

«Hormat nyşany» ordeniniň eýesi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Aşyr Nazarow jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşdy, zehinli ýaşlaryň döredijiliginiň kämilleşmeginde halypalyk ýardamyny gaýgyrmady. Dogrudanam, ol hakyky halypady, şonuň bilen birlikde maslahatçy kemi-de ýokdy. Ondan diňe ýaşlar däl, eýsem, deň-duşlary-da maslahat soraýardy.

Indi onuň käbir kitaplarynyň atlaryny agzap geçmäge-de çen boldy ― «Generalyň ogullygy», «General», «Hatarly gadamlar», «Ömrüň dowamy», «Edermenlik», «Soňky söweş», «Öýme», «Gün nury», «Balsaýat», «Dury çeşme», «Atalar we agtyklar»… Başda belläp geçişimiz ýaly, ýigrimä golaý kitap. Türkmen edebiýatyna uly goşant, nesillere ýadygärlik.

Uzak ýaşajak bolsaň ― gojalmaly. «Dert ýamany garrylyk» diýselerem, gojalygyňam belli bir döwürde enaýylygy bar. Arman, gojalyk döwrem, ýigitlik çagam türkmen bahary ýaly tiz sowulýar. Aşyr aga-da gojaldy. Birbada bildirmedi. Ýöne ýanýoldaşy Surat daýza ýurduny täzelänsoň, bir wagtky gurşunly kenek kimin kişi mazaly çökdi. Nätjek? Dünýäniň gurluşy şeýle. Çekäýmeli. Ýanýoldaşyny aldyran erkek jyns, aýallara garanyňda, bu aýralygy has ejirli geçirýär. Şu babatda aýal jynsy birneme merdräk.

Aşyr aga elliden, altmyşdan aganda-da gujurlydy, salamlaşyp görşende dagy berdaşlydy, näzigräk elli, özünden has ýaş intelligentleriň aýasyny arkaýyn agyrdyp biljekdi. Gujur berekedi bardy. Syrkaw-sökelligi bilýänlerden däldi. Ýa aýralyk derdinden, ýa başga bir näbelli sebäpden günlerde bir gün Aşyr aga biçak näsaglady. Hassahanada ýatyp çykdy. Hatda eline hasa-da aldy. Şol döwürde oňa uniwersitetiň töwereginde gabat geldim. Ýaşulynyň şol bir  gülerýüzlüligi. Ýitirip tapan ýaly garşylady. Saglygyny soradym. Bassyr-ýussur gepi ýok. Öňki gönümelligi: «Çary jan, duýdansyz ýykyldym. Ýaman hopukdyrdy. Hernä Hudaýyň özi gorady. Indi bäri bakyşdym…»

Soňra hoşlaşdyk. Men onuň ýagdaýyna gynanyp, tä gözden ýitýänçä yzyndan garap galdym. Ýürek bir zady syzandyr-da. Şodur-da-şodur, Aşyr agamyzy ― «general» ýazyjymyzy iň soňky gezek görşüm boldy, ynha, indem diňe ýatlamalar galdy. Ýatlamalaram, nesip bolsa, biri-biriniň yzyna sepleşer gider otyr. Çünki Aşyr aga ýaly päkize, açyk göwünli adamlar hiç haçan unudylmaýar.

Çary GELDIMYRADOW,

ýazyjy.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Atajan Tagan: gurjagy köşeşdiren goja

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi