TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

GDA: saýlawlar ýokary bäsdeşlik ýagdaýynda geçirildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda we ýokary bäsdeşlik ýagdaýynda geçirilendigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän Prezidenti saýlawlaryna GDA bilen bir hatarda Türki Döwletleriň Guramasy we beýleki halkara guramalaryň synçylar topary saýlawyň geçiriliş ýagdaýyna syn etdiler.

Şu gün “Garagum” myhmanhanasynda halkara synçylar saýlawlar baradaky beýannamalary bilen çykyş etdiler.

Saýlawlara saýlaw möwsüminden başlap syn etmek mümkinçiligine eýe bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar toparynyň ýolbaşçysy Leonid Anfimow özüniň kärdeşleri bilen ýerli we daşary ýurt metbugat wekillerine saýlawlar baradaky beýannamasyny mälim etdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň çagyrylan duşuşygynda Leonid Anfimow GDA-nyn synçylar toparynyň düzümindäki synçylaryň öz ýurdunyň saýlaw ulgamynda ýokary derejeli adamlar bolup durýandygyny belläp, saýlawlaryň ähli ulgamlaryna gatnaşandyklaryny belledi.

Ol Prezident saýlawlarynyň dalaşgärleri bilen duşuşyk geçirendiklerini, köp sanly saýlaw uçastoklarynda bolandyklaryny we saýlaw döwründe hiç hili arz-şikaýatyň bolmandygyny belledi.

Dalaşgärlere saýlaw möwsüminde metbugatda deň derejede we ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellän Anfimow saýlawlaryň ähli epidemiologik öňüni alyş çäreleriň gurnalmagynda geçirilendigini, saýlaw uçastoklarynda zyýansyzlandyryş enjamlaryň oturdylandygyny, ähli arassaçylyk serişdeleriniň üpjün edilendigini belläp geçdi.

Leonid Anfimow ilkinji gezek saýlawlarda ses berýän saýlawçylaryň höweslendirilmeginiň hem möhüm bolup durýandygyny belledi.

Ol saýlawlaryň aç-açanlyk, ýerli kanunçylyk we halkara kadalara laýyklykda, saýlawçylaryň öz mynasyp dalaşgärini ses bermegi üçin döredilen ähli şertler bilen geçirilendigini mälim etdi.

 

 

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

 

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle