DÜNÝÄ

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlis 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndan soň ilkinji gezek ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirilen duşuşyk boldy. Bu barada GDA-nyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Belarusyň başlyklygynda geçirilen mejlise bu ýurduň daşary işler ministri Wladimir Makeý, Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň daşary işler ministri Ara Aýwazýan, Gazagystanyň Premýer-ministriň orunbasary – daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, Moldowanyň Daşary işler we ýewropa integrasiýa ministrliginiň döwlet sekretary Dumitru Sokolan hem-de GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda daşary syýasaty we ynsanpewer hyzmatdaşlygy, howpsuzlyk pudagynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamasyna garaldy.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň özara duşuşygynda halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek ýeri hem-de möhleti kesgitlendi. ol 2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň ýubileý mejlisiniň öňüsyrasynda geçiriler.

Duşuşykda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Ýüzlenmesiniň taslamasy tassyklandy.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikleriň barşynda 2020-nji ýylda gurama gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky syýasy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Duşuşykda Arkalaşygyň çäginde hereket edýän strategiýalary durmuşa geçirmek – bedenterbiýe we sport, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça orta möhletli hereket meýilnamalary tassyklandy.

Türkmen-rus işewürlik gatnaşyklary ösdüriler

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar