BIZNES

Gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan himiýa senagatyny ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly himiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär.

Ahal welaýatynda gurlan gazdan benzin öndürýän zawodda EСO-93 kysymly benzin, suwuklandyrylan gaz hem-de kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy öndürilýär. Ýanwar — iýun aýlarynda meýilnama 120,8 göterim ýerine ýetirildi.

Wise-premýer zawody doly taslama kuwwatyna çykarmak hem-de önümleri amatly bahalardan ýerlemek maksady bilen, zawodyň çäginde goşmaça ammarlar toplumyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda halkara bäsleşigi yglan etmek baradaky teklibi beýan etdi.

 

Uzynada meýdançasy işjeň özleşdirilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler