JEMGYÝET

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew şu ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

iki goňşy ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda ähli ugurlar boýunça türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň yzygiderli depgini bellenildi.

Türkmenistan bilen Gazagystan iri halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýär. Hususan-da, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň 16-synyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir.

Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşypdy.

 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranda saparda bolar

Related posts

Hazar Günü Çeşitli Etkinlikler İle Kutlandı

vepa

Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk

Doganlaryň doganlarça duşuşygy

Ata Watan Eserleri