TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapara gelýär

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 24-25-nji oktýabrda Türkmenistanda döwlet saparynda bolar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sekterary Berik Uali özüniň jemgyýetçilik torundan habar berdi.

Gazagystanyň metbugatynyň habaryna görä, bu saparyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň barşynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Gazagystanyň Prezidenti şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşypdy.

 

“El Klasiko”: “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda

Ýene-de okaň

Türkiýe Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurar

Teswirle