TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Gazagystanda täze Premýer-ministr belli boldy

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Alihan Smailowy ýurduň Premýer-ministri wezipesine belledi. Onuň dalaşgärligi ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynda tassyklandy.

49 ýaşyndaky Smailow 2019-njy ýylyň fewralyndna bäri Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary wezipesinde işleýärdi. Şondan ozal, dürli döwürlerde maliýe ministri wezipesini amala aşyrdy, Gazagystanyň Prezidentiniň kömekçisi boldy.

Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, Premýer-ministr wezipe bellenenden soňra 10 günüň dowamynda ýurduň hökümet düzümi babatda Prezidente teklip hödürleýär.

Gazagystanyň ozalky Premýer-ministri Askar Maminiň ýolbaşçylygyndaky hökümet ýurtda bolup geçen wakalardan soňra 5-nji ýanwarda wezipesinden boşadylypdy.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň maglumatyna görä, ýurtda bolup geçen pajygaly wakalardan soňra ýurduň ykdysadyýetine ýetirilen zyýanyň deslapky möçberi 2-3 milliard dollara barabardyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi.

 

Ýewropa Parlamentiniň başlygy aradan çykdy

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle