SPORT

Stambulda Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan futbol ýaryşy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul şäheri) tarapyndan futbol boýunça ýaryş geçirildi.

Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilen futbol ýaryşyna 24 futbol topary gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli geçdi we netijede 2 futbol topary finala galdy.

Final duşuşygy 1 hepdeden soň geçiriler we çempiýon belli bolar.

Ýeri gelende bellesek, Stambul şäherinde hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti tarapyndan 2019-nji ýylyň ahyrynda  Türkiýedäki Türkmenistanlylaryň arasynda “Atawatan futbol bäsleşigi” atly sport çäresini geçirilipdi we bu bäsleşige 16 topar gatnaşypdy. Her ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän bu bäsleşik geçen ýyl dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli geçirilmedi. Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti tarapyndan habar berilişine görä, üstümizdäki ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda “Ata Watan Futbol” bäsleşigi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Ahal we Lebap welaýatlarynda täze mekdepler açylar

Ýene-de okaň

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri