JEMGYÝET

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konsert

Şu gün Türkmenistan döwletimiz özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlaýar. Milli Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli köp sanly baýramçylyk dabaralary geçirilýär.

Irden ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Soňra golaýda ulanmaga berlen Döwlet münberiniň toplumynda baýramçylyk harby ýörişi geçirildi.

Soňra baýramçylyk harby ýörişinden soňra Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy. Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow we köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen konserte “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

“Garaşsyzlyk – buýsanjymyz we bagtymyz” atly aýdym-sazly kompoziýa bilen başlan konsertde ýurdumyzyň üstünliklerini, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Baýramçylyk konserti “Küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy we baýramçylyk konserti  sungat ussatlarynyň bilelikde “Şanly Garaşsyzlyk, eziz Arkadag” atly aýdymy bilen jemlendi.

 

Foto Habar: Dabaraly harby ýörişden pursatlar

Related posts

XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna

Türkmenistanyň Prezidenti: «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Walentina Matwiýenko bilen telefon söhbetdeşligi