TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Garaşsyzlyga bagyşlanan sergi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirilýär. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary çagyryldy.

Sergide goýlan önümler Türkmenistanyň üstünliklerini aýdyň görkezýär. Ýurduň daşary söwdasynyň düzüminiň 60% eksport, 40% importdyr, bu bolsa ýurduň durnuklaşdyrma gaznasy ýaly strategik maliýe gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin mümkinçilik döredýär. Milli önümleriň daşary ýurt daşyna eksportunyň ösmegine ýardam edýän esasy faktorlaryň arasynda Türkmenistanyň dürli ýurtlarda işleýän Söwda öýleri-de agzalýar.

Ondan başga-da, söwdanyň ösmegine Döwlet haryt we çig mal biržasy we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň internet mümkinçilikleri arkaly netijeli mazamy-da ýardam edýär.

Ykdysadyýetiň gazananlaryna oba hojalyk önümleriniň we azyk harytlarynyň öndürilişini yzygiderli artdyrýan telekeçilik sektorynyň öz saldamly goşandyny goşýandygyny-da belleýärler. Ýanwar bilen awgust aralygynda bu bölümdäki ösüş geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 37%-den geçipdir. Bu bolsa pudakda gaýtadan işläp bejerýän täze-täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi we sergide goýlan assortimentiň giňeldilmegi bilen şertlenendir.

Serginiň çäklerinde iş gepleşikleriniň we tanyşdyrylyşyň şol sanda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan kärhanalaryň täze önümleri bilen tanyşdyrylyşyň alnyp barylýandygyny-da bellemek bolar.

 

Dünýä döwletleriniň naharlary hakynda gysgajyk maglumat

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle