TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyz Türkmenistan we halkara gatnaşyklar

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz türk­men hal­ky­ny ba­ky bag­ty­ýar­ly­ga ýetirdi. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ösüş­lerimiziň berk bin­ýa­dy­dyr. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da hal­ky­my­zyň aň-dü­şün­je­sin­de, dur­mu­şyn­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de uly öz­ge­riş­ler, ösüş­ler bo­lup geç­di. Eziz Di­ýa­ry­myz äh­li ugur­lar­da: sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, oba ho­ja­ly­gyn­da, se­na­gat­da, me­de­ni­ýet­de, sport­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da hem-de bi­lim ul­ga­myn­da be­lent sep­git­le­re eýe bol­dy.

Türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar­ly­gy, şan-şöh­ra­ty Ga­raş­syz­ly­gyň be­ren dat­ly mi­we­si­dir. Ber­ka­rar döw­le­timiziň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ýö­re­dil­ýän hoş­ni­ýet­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabarada eden çykyşynda şeýle belleýär: «Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder». Hormatly Prezidentimiziň ol sözleri bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasatynda aýdyň şöhlelenýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda abraýly halkara forumlaryň münberinde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk meselelerine degişli ählumumy sebit ähmiýetli köpsanly başlangyçlar bilen çykyş etdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Türkmenistan döwletimiz özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, daşary syýasatymyzda dünýä döwletleri hem-de halkara we sebit guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki wagtda daşary syýasatda «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ynsanperwer paýhasy öňe sürýän Türkmenistan döwletimiz  soňky ýyllarda dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar.

Garaşsyz Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary işleýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ilçileri halkara guramalarynyň 15-sinde Watanymyza wekilçilik edýärler. Biziň ýurdumyzda bolsa, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň 46-sy işleýär.

«Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini öňe sürüp, dünýä halklaryny özara hormat goýmaga, ynanyşmaga çagyrýan mähriban Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

                                                                                  Ejeş Taganowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle