BIZNES

“Gara altyny” çykarmak işleri güýçlendirilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir “gara altyny” çykarmak işleri, esasan, günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli nebit gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňiji saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipedigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Hazarýaka zolakda geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

 

Telekeçileriň taslamalary üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekiler

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä pul gaznasynyň maslahatyna gatnaşar

Türkmenistanda 9 aýda jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy

Rus nebitiniň Özbegistana iberilýän möçberi artdy

“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy