BIZNES

«Galkynyş» käni: 3.9 milliarddan gowrak tebigy gaz eksporty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynda zähmet çekýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda bu ýerde 44 sany ulanyş guýusyndan ýokary basyşly tebigy gaz çykarylýar. 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda tebigy gazyň senagat arassalaýşy 4 mlrd 347 mln 300 müň 154 kub metre barabar bolup, şolardan daşarky sarp edijilere 3 mlrd 912 mln 78 müň 610 kub metr harytlyk gaz öndürilip iberildi.

Bu döwürde «Galkynyş» käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça birinji we ikinji desgada gaz kondensatyny we kükürti arassalamak boýunça meýilnama ýerine ýetirildi. Hususan-da, bu döwürde 97,5 tonna gaz kondensaty we 182 müň 125 tonna kükürt öndürildi.

Türkmen pomidorlary Wenanyň bazarynda

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär