JEMGYÝET

Gadyr gijesi mynasybetli günä geçişlik yglan edildi

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz mübärek Gadyr gijesi mynasybetli 982 sany raýatymyzyň hem-de 53 sany daşary ýurtly raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. 

Döwlet Baştutany, ilki bilen, göni wideoaragatnak arkaly wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Lider hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň şanly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň gysga döwürde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.

 

Gadyr gijesi haçan we Baýram namazy näçede okalýar?

 

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigi yglan edildi

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

1-nji synp okuwçylaryna 142 müň 698 sany kompýuteri sowgat bermek meýilleşdirilýär

ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar