DÜNÝÄ

G7: ekologiýa üçin 100 mlrd dollar

G7 ýurtlary – Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Fransiýa, Ýaponiýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Beýik Britaniýanyň Kornuoll graflygyndaky Karbis-Beý şäherçesinde 3 günlük sammite gatnaşdylar.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ilkinji daşary ýurt saparynyň çäklerinde geçirilen bu sammite Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Italiýanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mario Dragi, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýuda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we  Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihida Suga gatnaşdy. Şeýle hem bu sammite Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

2 ýyldan soňra G7-niň ýolbaşçylary ýüzbe-ýüz duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy. Ýolbaşçylar energetika, howanyň üýtgemegine garşy göreş, koronawirus ýokanjyna garşy göreş hem-de sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Sammitiň netijesi boýunça kabul edilen beýannama laýyklykda, G7-ä gatnaşyjy ýurtlar 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän kömürturşy gazynyň möçberini “0” ýetirmegi maksat edinýär. Bu maksat üçin maliýeleşdirmegiň çeşmelerini 100 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem tapgyrma-tapgyr kömür energiýasyndan ýüz öwürmek meýilleşdirilýär. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy ÝB-niň çäklerinde alternatiw energiýa çeşmelerinden elektrik önümçiliginiň paýynyň 25 göterime barabar bolandygy, 2030-njy ýyla çenli bu görkezijini 38 göterime ýetirmek meýilleşdirilýändigini belledi.

Bulardan başga-da, benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň ornuny elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň tutmagy üçin degişli işler alnyp barylýar.

Koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly göreşde sanjymlaryň elýeterli bolmagy üçin tagalla ediljekdigi hem-de indiki ýylyň dowamynda dünýä jemgyýetçiligini 1 milliard doza möçberinde sanjym bilen üpjün etmek işleriň alnyp baryljakdygy mälim edildi.

 

Sanjym üçin baýrakly utuş: baş baýrak awtoulag

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça teswirnama gol çekdiler

Azerbaýjan bilen Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Gyrgyzystanyň energetika ministri bilen duşuşdy

Türkmen-azerbaýjan gümrük hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Trampyň Türkiýä ilkinji resmi sapary