TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

“G-20” ýurtlarynyň sammiti ýüzbe-ýüz geçiriler

“G20” atly öňdebaryjy ýurtlaryň ýolbaşçylaryň sammiti bu gezek ýüzbe-ýüz geçirilýär. Italiýanyň Rim şäherinde geçirilýän bu sammitine gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşýar. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden eýýäm geldi.

Sammit pandemiýa başlanandna bäri ilkinji gezek ýüzbe-ýüz geçirilýär. “G-20” başlyklyk edýän Italiýanyň Premýer-ministri Mario Draginiň ýolbaşçylygynda geçirilýän sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin wideoýüzlenme bilen gatnaşar.

Russiýa bu sammitde daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik eder.

Guramanyň ýygnagynyň esasy gün tertibi koronawirus ýokanjy sebäpli ýüze çykan ykdysady kynçylyklary ýeňip geçmek bilen baglanyşykly meseleler bolar. Mundan başga-da liderler daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” ykdysadyýet, Owganystandaky ýagdaýlar we dünýä bazaryndaky tebigy gazyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly Ýewropadaky energetika kynçylyklary ara alnyp maslahatlaşylar.
“G-20” ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň sammiti Italiýanyň paýtagtynyň günorta bölegindäki “La Nuwola” kongres merkezinde geçiriler.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ýewropa amala aşyrýan 5 günlük saparynyň çäklerinde “G-20” sammitine hem-de Glagoz şäherinde geçirilýän howanyň üýtgemegine bagyşlanan “COP26” maslahatyna gatnaşar.
Şeýle hem Baýden Italiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Rim Papasy bilen duşuşdy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/oturgyjyn-asagyna-sygyan-elektrik-motosikl/

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle