SPORT

Fýuri geljegi baradaky sowallara jogap berdi

Mundan birnäçe gün ozal Deonteý Uaýlderi nakaut bilen ýeňen dünýä belli boksçy Taýson Fýuri geljegi barada berlen sowallara şeýle jogap berdi:

― Karýeramy haçan tamamlaryn? Anyk wagtyny özüm hem bilmeýärin. Mende «Top Rank» bilen baglaşan şertnamama görä, ýene ýeke tutluşyk galdy. Näme boljakdygyny göreris. Ýöne häzir boks hakynda pikir edemok. Näçe tutluşygymyň galandygy hem piňime däl. Soňky şertnamany baglaşmak barada hem oýlanamok. Gep pulda ýa-da guşakda däl, men her gün irden türgenleşmek we şol günümden lezzet almak üçin oýanýaryn.

Aslynda, boksda hiç bir maksadym galmady. Nämäni arzuw eden bolsam, ählisini gazandym. Men çempion, taryha-da adym çempion hökmünde ýazylar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/2022-nji-yylyn-in-onat-nysany-ucin-baslesik-yglan-edildi/

Related posts

“Çempionlar ligasy”: “Mançester Siti” finala golaýlady

Mbappä 150 million ýewro teklip etdi

Ata Watan Eserleri

Dünýaniň iň gadymy kubogynyň finaly: “Çelsi” – “Liwerpul”