TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Fulbraýt talyplar maksatnamasy üçin anketa kabul edilýär

Fulbraýt adyndaky daşary ýurt talyplar maksatnamasy (magistr derejesi) boýunça anketalaryň kabul edilýändigi habar berilýär. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy berýär.

Fulbraýt adyndaky maksatnamasy Türkmenistanyň meşhur ýaş hünärmenlerine 2022-nji ýylyň awgustyndan başlap, ABŞ-nyň belli bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligini berýär. Bu maksatnama bir ýa-da iki ýyl dowam eder. Lukmançylyk, weterinar ylymlary, şeýle hem näsaglar bilen ýüzbe-ýüz aragatnaşygy talap edýän hünärlerden başga ähli ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär. Resminamalar 2021-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Resminamalaryňyzy şu websahypa tabşyryp bilersiňiz: https://apply.iie.org/ffsp2022

Bu maksatnama boýunça goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine AshgabatEducation@state.gov elektron salgysy ýüz tutup bilersiňiz.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Teswirle