DÜNÝÄ

Fransiýada prezident saýlawlary geçirilýär

Fransiýada prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryna badalga berildi. Ýurduň çäginde Pariž wagty bilen 08:00-da 70 müň saýlaw uçastogy açylyp, fransuz raýatlary ses bermäge başladylar.

Ýurduň milli statistika we ykdysady seljermeler institutynyň maglumatyna görä, Fransiýada hasaba alnan 48 million saýlawçy bar.

Saýlawlara 12 dalaşgär gatnaşýar. Ýurduň häzirki Prezidenti Emmanuel Makron hem ikinji möhlete dalaşgär boldy. Onuň esasy bäsdeşleriniň biri “Milli bileleşik” partiýasynyň dalaşgäri, parlamentiň deputaty Marin Le Pendir.

Şeýle hem Žan-Lýuk Melanşon, žurnalist Erik Zemmur we Frans Waleri Pekress hem öňdebaryjy dalaşgärler hasaplanýar.

Häzirki pandemiýa şertlerinde saýlawçylara saýlaw uçaktoklaryna agyz-burun örtüginde gelmek we howpsuz araçägi saklamak maslahat berilýär. Saýlaw komissiýasynyň agzalaryna günüň dowamynda yzygiderli tertipde saýlaw uçastoklarynyň howasyny çalşyrmak, stollary we oturgyçlary, şeýle hem saýlaw kabinalaryny dezinfeksiýa etmek tabşyryldy.

Saýlawlaryň ikinji tapgyry hem geçirilýär. Ol takyk 2 hepdeden soň, ýagny 24-nji aprelde geçiriler.

Fransiýada ählumumy ses bermek arkaly prezident saýlawlary 1962-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şol döwrüň Prezidenti Şarl de Golluň başlangyjy bilen ählumumy ses bermek arkaly prezident saýlawlary geçirmek üçin sala-salyşlyk geçirildi. 1965-nji ýylda ilkinji gezek ählumumy ses bermek arkaly saýlawlar geçirilip, de Goll prezident saýlanypdy.

Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident Fransiýanyň Yaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasaplanýar. Ol Premýer-ministri wezipä belleýär, parlamentiň kabul eden kanunlaryna gol çekýär.

Ýurduň prezidenti 5 ýyllyk möhlete saýlanýar.

Russiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi