TEHNOLOGIÝA

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

Kanadanyň “Brookfield” maýa goýum kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Fransiýadaky emeli intellekt taslamalaryna 20,7 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda Fransiýanyň emeli intellekt ekoulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň möçberi 85 milliard dollara barabar bolar.

Kanadanyň kompaniýasy Fransiýada emeli intellekt ugry boýunça maglumat merkezleriniň döredilmegine maýa goýumlaryny gönükdirmegi meýilleşdirýär.

Fransiýada 10-11-nji fewralda döwlet Baştutanlarynyň hem-de iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda emeli aň boýunça hereket meýilnamasy boýunça sammit geçirilýär.

Emeli intellekt ulgamyna iri maýa goýumlaryň gönükdirilmegiň özboluşly sebäpleri hem bar. Çünki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “OpenAI”, “SoftBank” ýaly birnäçe kompaniýalaryň birleşmeginde emeli intellekt üçin birnäçe iri maglumat merkezlerini döretmek babatda 500 milliard dollarlyk “Stargate” taslamasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu taslama Ýewropanyň öňdebayrjy ýurtlaryny hem biparh goýmady. Ýewropa sebitiniň hem bäsdeşlik etmegi üçin bu ugra maýa goýumlary gönükdirmegi zerurdyr.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi