SPORT

FIFA-nyň ýolbaşçysy Infantino Aşgabada geldi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada «turkmenistaninfo.gov.tm» internet neşiri habar berýär. Bu sapar Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysynyň Aşgabada ilkinji sapary boldy.

Infantinonyň Aşgabada ilkinji sapary Türkmenistan bilen Halkara futbol federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryö has-da ösdürilmegine uly itergi berer.

Bir günlük saparyň çäklerinde dürli duşuşyklar geçiriler we bu ýerde Türkmenistanda futboly ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Häzirki günde Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) Prezidenti Janni Infantino Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Ol sebit ýurtlaryndan Täjigistanda we Gazagystanda saparda boldy.

Infantino Türkmenistandan soňra Gyrgyz Respublikasynda we Özbegistanda saparda bolar.

Related posts

Meşhur brazil futbolçy Mario Zagallo aradan çykdy

Beýik Britaniýa 2042-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek isleýär

Ispaniýanyň Superkubogyny “Atletik” eýeledi

Leave a Comment