Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Ekwadoryň milli ýygyndysyny Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyndan çykarmak kararyna geldi. Bu barada “El Mundo Deportivo” gazeti habar berýär.
Bu barada degişli çözgüt saýlama duşuşyklarynda galp resminamalar bilen bir futbolçynyň oýnadylandygy bilen baglanyşyklykda kabul edildi. Gürrüň goragy Baýron Kastilýo barada barýar. Ol Ekwadoryň raýaty bolman, eýsem Kolumbiýanyň raýaty bolup durýar. Muny Çiliniň milli ýygyndysynyň hukukçysy Eduardo Karlesso subut etdi.
Şeýlelike, dünýä çempionatynda Ekwadoryň ýerine Çili çykyş eder.
Bilşiňiz ýaly, Ekwadoryň milli ýygyndysy 21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda geçiriljek dünýä çempiontynda “A” toparçada Katar, Senegal we Niderlandlar bilen duşuşmalydy.