TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ferran Torres “Barselona” geçýär

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ispan ýarymgoragçysy Ferran Torresiň Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçmegi garaşylýar. Her iki toparyň arasynda degişli ylalaşygyň gazanylandygy mälim edilýär.
Taraplar futbolçynyň geleşigi şertleri boýunça özara ylalaşyga geldi. Katalon topar futbolçy üçin 55 million ýewro we goşmaça 10 million ýewro hem göz öňünde tutulýar.
21 ýaşly futbolçy “Mançester Siti” toparynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 7 duşuşykda çykyş edip, 3gezek tapawutlandy.
Ispaniýanyň “Barselona” topary Torres bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär.
“Barselona” topary Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edison Kawani bilen hem gyzyklanýar.
Ispaniýanyň “La Liga” milli futbol çempionatynyň maliýe şertleri sebäpli zähmet haky býužetini goramaly bolýan “Barselona” topary Serginžo Dest, Filipp Koutinýo, Samuel Umtiti we Lýuk de Ýong ýaly futbolçylary iberip biler.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/halmammet-kakabayew-kino-sungatynyn-agirdi/

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle