SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Farap şypahanasy

Ýerleşýän ýeri: Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinden demirgazyk-günbatarda 20 kilometr uzaklykda Amyderýanyň sag kenarynda Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýär.

Açylan ýyly: 1985-nji ýyldan bäri halka hyzmat edip gelýän şypahananyň 2010-njy ýylda durky täzelenip, täze binasy guruldy. Häzirki wagtda 250 orunlyk şypahana halkyň hyzmatynda.

Şypahananyň esasy bejeriş faktory: 1958-nji ýylda geologiýa barlag ekspedisiýasy tarapyndan 3 sany 900 metrlik çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýy ýatagy açylýar. №1, №13, №40 guýularyň esasy bejeriş serişdesi sulfat-hloridli-natrili, minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän toparlara degişlidir. Guýularyň suwunyň täsiri ion düzümi we minerallaşmasy boýunça kesgitlenilýän ýerasty suwlaryň toparyna degişli bolup, sulfat-hloridli-natrili, gowşak aşgarly, subtermal, kükürt wodorodyň ujypsyz mukdaryny saklaýar. Bu tebigy mineral çeşmäniň melhem suwunyň gyzgynlygy 39 gradus bolup, düzüminde 32-den gowrak himiki elementler ýagny, kükürtli wodorod, ýod, brom, bor, şeýle hem bariý, magniý, azot, sulfat, hlorid-natriý ýaly mikroelementlerden ybaratdyr.

Bölümleri: Şypahananyň anyklaýyş, bejeriş we mineral suw bilen bejeriş bölümleri bar. Bu ýerde aşgazan-içege, öt ýuwýan, ingalýasiýa, fizioterapiýa, wulkan we Mollagara palçygy bilen bejeriş otaglary bar. Bejeriş bölüminde fitobar, fizioterapiýa, owkalama, iňňerefleks, ginekologiki we bejeriş-bedenterbiýe otaglary hereket edýär. Suw bilen bejeriş bölüminde şypahananyň mineral suwy bilen wanna, howuz, şarko duşy, içege ýuwmak, aýlawly duş, ýapgylar hem-de dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanan rahatlandyryjy wannalar bar.

Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Şypahanada esasan aşgazan-içege, ýürek-damar, nerw, deri, daýanç-hereket, endokrin, ginekologiki, allergiki, dem alyş ýollary bilen baglanyşykly keseller bejerilýär.

Biziň şypahanamyz ýylyň ähli möwsüminde ýokary hilli bejergileri almaga raýatlary çagyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-422-3-12-33; 800-422-3-17-05.

Çeşme: saglykhm.gov.tm

 

“Ýyly suw” şypahanasy

 

«Awaza» şypahanasy: Deňziň şypaly mekany

 

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň uly Roždestwo arçasynyň çyralary ýakyldy

Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk forumy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Baş Redaktor

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar