Familiýany, ady we atasynyň adyny üýtgetmek haýsy ýagdaýlarada we terdipde amala aşyrylýar?
Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä, familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy on sekiz ýaşyna ýeten adamyň hemişelik ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
Görkezilen adam hemişelik ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýüz tutanda, onuň familiýasynyň, adynyň we atasynyň adynyň üýtgedilmegi şu aşakdaky halatlarda geçirilýär, eger ol:
1) gulaga ýakymsyz eşidilýän ýa-da aýtmasy kyn bolan familiýasyny we (ýa-da) adyny we (ýa-da) atasynyň adyny üýtgetmek islese;
2) öz äri (aýaly) bilen umumy familiýany götermek ýa-da, eger bu barada nika bozulan wagty yglan edilmedik bolsa, nika baglaşmagyndan öňki öz göteren familiýasyna (ilkinji we soňky nikalary baglaşmagyndan öňki) gaýdyp gelmek islese;
3) nika bozulmadyk ýa-da äri (aýaly) aradan çykan halatynda nika baglaşmagyndan öňki öz göteren (ilkinji we soňky nikalary baglaşmagyndan öňki) familiýasyny götermek islese;
4) kakasynyň (ejesiniň) familiýasyny (eger kakasynyň familiýasyny göterýän bolsa – ejesiniň familiýasyny, eger ejesiniň familiýasyny göterýän bolsa – kakasynyň familiýasyny) götermek islese;
5) kakasynyň, atasynyň we babasynyň ady boýunça familiýasyny üýtgetmek islese;
6) özüne öň atasynyň ady “ogly”, “gyzy” diýen sözler goşulyp ýa-da bular goşulman, ilkibaşda öz ady, soňra bolsa atasynyň ady ýazylyp ýa-da ýazylman, ýa-da familiýasy ýazylman dakylan bolsa, olaryň atasynyň adyny üýtgetmek we atasynyň adyny ýa-da familiýasyny almak islese;
7) eger perzentlige almaklyk geçirilip bilinmejek bolsa, ýüz tutýany terbiýelän öweý kakasynyň (öweý ejesiniň) familiýasyny we (ýa-da) öweý kakasynyň ady boýunça atasynyň adyny götermek islese;
8) milletine laýyk gelýän familiýany we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň adyny götermek islese;
9) hakykatda dogluş hakynda nama ýazgysynda görkezilenden başga ady göterýän bolsa, ony şol göterýän adyna üýtgetmek islese;
10) raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynda görkezilen familiýasy we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň ady degişli şahadatnamadaky we (ýa-da) pasportdaky (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamadaky) familiýasy we (ýa-da) ady we (ýa-da) atasynyň ady bilen gabat gelmeýän bolsa, şeýle gabat gelmezligi aradan aýyrmak üçin şol resminamalarda görkezilen familiýasynyň we (ýa-da) adynyň we (ýa-da) atasynyň adynyň haýsy hem bolsa birini götermek islese.