TEHNOLOGIÝA

“Facebook” adyny üýtgedýär

“WhatsApp”, “Instagram”, “Messenger” we “Oculus” ýaly jemgyýetçilik tory, söhbetdeşlik programmasy we oýun platformalaryna eýeçilik edýän “Facebook” kompaniýasynyň adyny üýtgetjekdigi mälim edildi. “Verge” habar platformasynda çykan habara görä, “Facebook” eýeçiligindäki ähli şereketler başga bir at bilen bir kompaniýanyň garamagynda jemlener.

Sosial media ägirdi “Facebook” –yň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO)  Mark Zukerberg 28-nji oktýabrda geçiriljek “Connect” atly ýyllyk ýygnagynda kompaniýanyň täze adynyň mälim etjekdigi bellenilýär. Mundan ozal “Google” kompaniýasy hem garamagyndaky ähli şereketleri “Alphabet” konglomeratynyň astynda birleşdiripdi.

“Rönesans Holding” Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýar

 

Related posts

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Günorta Koreýada uçýan taksi synaglary başlady

Hytaýyň “Yutong” ägirdi Merkezi Aziýa üçin 10 müňünji awtobusyny taýýarlady