DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti Türkmenistana gelýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýär. Bu barada “Irna” habarlar gullugy habar berýär.

Prezident Raisi 29-njy iýunda ýokary derejedäki wekiliýet bilen Aşgabatda geçiriljek Hazar sammitine gatnaşar.

Eýranyň Prezidenti sammitiň çäklerinde oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary geçiriler.

Şu gün Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Onda ertir boljak sammitiň gün tertibi degişli taýýarlyk işleri maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Gazagystanyň Prezidenti bu sammite gatnaşjakdygyny beýan edipdi.

Bilşiňiz ýaly, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanda geçirilipdi.

 

Aşgabat-Hanoý: işewürler maslahaty ýola goýlar

Related posts

Ermenistan türkmen türgenlerini okuw-türgenleşigine çagyrdy

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Türkmenistana geler

The visit of the President of Afghanistan to Turkmenistan

vepa