DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi Tähranda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada “Irna” habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşykda çykyş eden Eýranyň Prezidenti Tähran bilen Aşgabadyň gatnaşyklarynyň ösüş ýolunda ilerleýändigini belläp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli we peýdaly ädimleriň ädilmelidigini belledi.

Prezident Raisi Türkmenistanyň Prezidenti bilen Aşgabatda geçiren ikiçäk duşuşygy hem-de iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlikleriň döwletara gatnaşyklarynda täze döwrüň başlanandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny mälim etdi.

Eýranyň Prezidenti Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy babatda ähli ugurlarda, hususan-da energetika, söwda we beýleki ugurlarda gatnaşyklaryň berkidilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Eýranyň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini bellän Prezident Raisi Eýran bilen Türkmenistanyň diňe bir goňşy döwletler däl, eýsem çuň taryhy we medeni arabaglanyşyklary bolan iki halkdygyny belläp geçdi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň hatyny gowşuryp, türkmen tarapynyň Eýran bilen tebigy gaz, ulag-aragatnaşyk, ykdysadyýet, söwda we medeni ugurlarda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ähmiýet berilýändigi bellenildi.

 

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Eýrana sapary

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy