DÜNÝÄ

Eýranyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana çagyryldy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki döwürde döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary bu gün milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň geljegini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňat şertleriň bardygy hem-de eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolan bu düzümiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini ýurdumyzda şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

 

18-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

TOPH gaz geçirijisi ugry boýunça demir ýoly gurlar

Ata Watan Eserleri

“Hazar deňzi-Garadeňiz”: dörttaraplaýyn hökümetara ylalaşygyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürýär

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär