TEHNOLOGIÝA

Eýranyň ilkinji elektrik awtobusy

Eýranyň iň uly awtoulag öndürijisi “Iran Khodro” kompaniýasy öz öndürýän ilkinji elektrik awtobusyny satuwa çykardy. Elektrik awtobusy kompaniýa tarapyndan soňky 16 aýda öndürilen ýedi önümiň biridir.

“IRNA” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, elektrik awtobusynyň önümçilik kuwwaty günde dört birlik we ýylda müň töweregi awtobus bolar.

Elektrik awtobusynyň tanyşdyrylyş dabarasyna “Iran Khodro” kompaniýasynyň baş direktory we Eýranyň Magdançylyk we gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak guramasynyň (IMIDRO) işgärleri gatnaşdy.

Kompaniýa her ýyl 1 milliondan gowrak ulag öndürýär: awtoulaglar (550 müň), awtobuslar, ýük awtoulaglary, pikaplar. Bu görkezijä görä, “Iran Khodro” kompaniýasyny dünýäde 13-nji orna çykarýar.

Eýrandan başga-da, “Iran Khodro” kompaniýasynyň önümçilik desgalary Azerbaýjanda, Müsürde, Siriýada, Wenesuelada we Senegalda ýerleşýär.

 

16-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama

«Bir penjire» ulgamy: 120 müňe golaý resminama elektron görnüşde resmileşdirildi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw