JEMGYÝET

Eýranyň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda boljakdygy malim edildi. Bu barada Eýranyň “IRNA” habarlar gullugy habar berýär.

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Said Hatibzade daşary işler ministri Jawad Zarifiň 5-8-nji aprel aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda boljakdygyny belläp geçdi. Onuň bu döwürde Merkezi Aziýanyň 4 döwletinde boljakdygy aýdylýar.

Said Hatibzade özüniň “Twitter” jemgyýetçilik sahypasynda bu barada beren beýanatynda, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Eýranyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň biri bolandygyny belledi. Şonuň üçin ýurduň daşary işler ministri Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar.

Hatibzadeniň aýtmagyna görä, bu saparyň maksady ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

 

Türkmenistan Russiýa ynsanperwer ýüküni ugratdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri