DÜNÝÄ

Ermenistan täze prezidentini saýlaýar

Ermenistan Respublikasynyň parlamentinde ýurduň täze prezidentini saýlamak üçin ses berişlik geçirilýär. Ses berişligiň birinji tapgyrynda prezidenti saýlamak başartmady.

“Graždan dogowor” fraksiýasynyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäri, ýokary tehnologiýalar senagaty ministri Waagn Haçaturýan bu wezipä saýlanmagy üçin ýeterlik ses alyp bilmedi. Waagn Haçaturýan 69 deputatyň sesini aldy. Birinji tapgyrda 81 ses almak gerek bolýar.

Ermenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezidenti saýlamak üçin parlamentiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan dörtden üçüniň sesini almagy zerurdyr. Ýurduň kanun çykaryjylyk edarasynda 107 deputat bar. Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň “Graždan dogowor” partiýasynda 71 mandat bar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Mihail Mişustini doglan güni bilen gutlady

 

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary