SPORT

Erik ten Hag – “Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi

Şowsuz duşuşyklardan soňra “Mançester Ýunaýted” toparynyň ýolbaşçy düzümi toparyň wagtlaýyn tälimçisi Ralf Rangnik bilen wagtlaýyn şertnamasyny ýatyrmak kararyna geldi.

“Mançester Ýunaýted” toparyna täze tälimçi bellendi. Niderlandly Erik ten Hag resmi taýdan öz wezipesine şu möwsümiň ahyrynda girişer. Onuň bilen şertnama 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli baglanyşylyp, şertnama möhletini 1 ýyl uzaltmak göz öňünde tutuldy.

52 ýaşyndaky hünärmen “Aýaks” toparynda işleýär. Iňlis topary 2 million ýewro möçberinde öwez tölegini tölär.

“Aýaks” topary ten Hagyň ýolbaşçylygynda 2 gezek Niderlandlaryň çempionatynda çempion boldy we ýurduň kubogyny eýeledi. 2019-njy ýylda bu topar Çempionlar ligasynda ýarym finala çenli geldi.

Erik ten Hag ozal Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň ikinji toparyny, şeýle hem “Gou Ehed Igls” we “Utreht” toparlaryna tälim beripdi.

“Mançester Ýunaýted” topary Erik ten Hagyň Niderlandlar Patyşalygynyň çempionatyndan başga çempionatdaky ilkinji tälim berjek topary bolar.

 

Pandalar Katara göçerler

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy