TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Enäni aýaň!

Eje-ene diýmek, bu bir uly dünýä, öwezini dolup bolmajak mukaddeslik diýmekdir. Ene barada eser döreden ýazyjy-şahyrlar örän köpdür. Bu ýagty jahana jan beren ezizlerimiziň gadyryny bilmeklik, olara hormat goýmaklyk her bir ynsan üçin parz işdir.

Aşakda getirilen şahyryň goşgy setirleri mähriban Käbelerimiziň gadryny bilip, olary hemişe hormatlap, gözümiziň göreji deý aýap saklamaklykda perzentlik duýgusyny oýarýar hem-de bu goşgy setirleri ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýe bolup durýar:

Men bir zady wesýet etjek adamlar,

Düşüniň bu syr däl, hemmäde aýan.

Haýyş edýän, birden çep gursagyňyza,

Eliňizi goýup, Enäni aýaň!

***

Seni göwresinde göteren ynsan,

Seni bu äleme inderen eýäň,

Ertir gussasyna bogulyp durman,

Şu gün, bar mahaly Enäni aýaň!

***

Dünýäde aýylganç hakykat bardyr,

Soraşman gelýändir, siz şony duýaň,

Soň “wah” diýip, hergiz gijä galaýmaň,

Diri gezip ýörkä, Enäni aýaň!

***

Elbetde, bu sözler ýalan ýalydyr,

Gezip ýörkäň kölgesinde şo gaýaň.

Hakykat-da welin, baky däldir ol,

Heniz ýaşap ýörkä, Enäni aýaň!

***

Ejiz deň bolsa-da ene diýleni,

Arkaňda gaýaňdyr, başyňda saýaň.

Söýgüden, gazançdan geçip bir sellem,

Demi gelip durka, Enäni aýaň!

***

Köpüň biri ýaly ýagty äleme,

Baky gelýän däldir, şol sada aýal,

Soň bir gün mazaryň başynda dymyp,

Göz ýaşlap durmaň, şu mahal aýaň!

***

Razy etmelidir perzent enäni,

Ynsanlar şu pendi gursaga guýaň.

Isle gözüň ýaşlap, islede gülüp,

Gaşyňyzda durka, Enäni aýaň!

***

Eý adamlar, birden ejizläýmäliň,

Dyz epip, öňünde utançdyr haýaň,

Gökden uçup barýan ýalňyz ak durna,

Garap galaýmankak, Enäni aýaň!

 

Taýýarlan: Ogulgerek Muhammetmyradowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek esasy işleriň biridir

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle