Emeli aň

Emeli aň, bu adam aňynyňky ýaly bir ýa-da birnäçe ukyby bolan kompýuter ulgamy hökmünde häsiýetlendirilip bilner. Bu ukyplara dile düşünmek, görüş duýgusy, öwrenmek, karar bermek ukyby we ş.m. girýär. “Emeli” sözi bu ýerde şol aňyň tebigy däl-de adam tarapyndan döredilendigini aňladýar.  Emeli aň ýakyn ýigrimi ýylda dünýäni üýtgeder diýlip garaşylýar. Emeli aň indi hyýal ýa-da fantaziýa däl, ol bizi hemme ýerde gurşap alan ösen tehnologiýalaryň bir bölegi bolup durýar. Iru-giç adaty ulaglary çalyşjak pilotsyz ulaglar, zawodlarda we ylmy barlaghanalarda akylly robotlar, keselleri rentgen şekilleri bilen anyklaýan ulgamlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, gözleg we sosial ulgamlarda algoritmler. Bularyň hemmesi emeli aňyň ulanylyşynyň mysallarydyr. Emeli aň kyn ýumuşlary we uly möçberli maglumatlary ýokary tizlikde işläp bilýär. Ol döwletiň örän köp pudaklaryny öz içine alýar. Banklar we finanslar, bilim, medisina, transport, oba hojalyk we başga-da juda köp ulgamlar.

Geliň emeli aňyň edýän işine doly düşünmek üçin kiçiräk mysal getireliň. Meselem “YouTube” siz nämäni birnäçe gezek gaýtalap görýäňiz, nämäni görmän geçirýän bolsaňyz, nähili wideolara laýk goýýaňyz şony analiz edýär. Siz bilen bilelikde analize millionlarça ulanyjylar çekilýär. Şeýdip siziň entäk görmedik we görüp biljegiňiz wideolaryň sanawy düzülýär. Edil şonuň ýaly edip hem “Netflix”-da filmleriň saýlanyşy düzülýär. Adamyň endiklerini synlamak tejribesiniň esasynda programma ulanyjylara gyzykly wideolary we filmleri teklip edip bilýär. Ýagny sahypanyň ýüzünde öňden arzuw edip gelýän wideoňyza ýa-da filmiňize gabat gelen bolsaňyz, ony öz gözlegiňiziň netijesinde tapandyryn diýip pikir etmäň . Ol zatlary emeli aň siziň kimdigiňizi öwrenip ony siziň öňüňize getirip goýýar. Görýän tehnologiýaňyz berlen bahalary we islegleri (zaproslary) analiz edýär. Soňra bolsa ony başga ulanyjylaryň reaksiýasy bilen deňeşdirýär. We pikirlenip ýetişmänkäň film eýýäm ekranda. Ýöne emeli aň diňe film we wideo saýlanyňda däl-de ol biznesde, biznesiň ykdysady görkezijilerini gowylaşdyrmak üçin hem giňden ulanylýar, we emeli aň hakykatdanam biznesiň statistikalaryny gowylaşdyrýar. Meselem ösen ýurtlaryň banklarynda size kredit bermelimi ýa-da bermeli däl? Bu meseläni emeli aň çözýär. Siziň ähli finans geçmişiňizi analiz edip ol siziň tölege jogapkärli boljagyňyzy we bolmajagyňyzy hasaplap bilýär. We banka şu adama kredit bermeli ýa-da bermeli däl diýip çözgüt çykaryp berýär. Medisinada adamyň insult geçirmegini öňünden bilip onuň wagtynda öňüni almagy başaryp bilýän sistema ulanylýar. Uly azyk-haryt söwda merkezlerinde analiziň kömegi bilen amatly wagtda arzanladyş (skidka) etmeli wagtyny kesgitläp bolýar. Şeýle-de satyş marketing strategiýasyny ýyldan ýyla juda ýokary şekilde düzmek üçin hem ulanylýar.

Emeli aň kiçi bizneslerde hem kömege ýetişýär. Meselem süýt önümleri. Önümleriň  ýaramlylyk möhleti kesgitlenen bolandygy üçin gündelik önümden belli bir bölegini satman ýok etmeli bolýar. Elbetde bu mysal käbir ösen ýurtlara degişli bolup biler. Emeli aň öz gezeginde birnäçe ýyllyk satyş maglumatlaryny analiz edýär, dogry hasap çykarýar. Öndürilmeli önümiň mukdaryny azaldyp geljek girdejiniň mukdaryny has köp edip bilýär. Emeli aň ulgamy öz işini gurnap bir ýyllyk hasaplamalar, işiň ösüşi, gidişi, indiki ýyl edilmeli zatlar we edilmeli däl zatlary görkezip örän gymmat bahaly maslahatçy hökmünde ýardam edýär. Emeli aň ulgamlary bize çykdajylary azaltmaga, önümçiligi we hili ýokarlandyrmaga kömek edýär

Emeli aňyň we robot tehnikasynyň ösüşi işsizlik töwekgelçiligi barada mesele döredip biler. Dürli çaklamalara görä, ýakyn 10 ýylda robotlar häzirki wagtda  edilýän işleriň otuzdan kyrk göterim aralygynda adamlaryň ýerini tutar. Emma Bütindünýä ykdysady forumynyň gözlegçileri takmynan 75 million iş ýerini almak bilen emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň 130 milliondan gowrak täze iş ýerini döredjekdigini aýdýarlar..

Emeli aň beýleki pudaklara garanyňda has ösen ugurlaryň biri bolup durýar. We bu ugur boýunça dünýäniň birnäçe ösen kompaniýalary üstünlikli işleri alyp barýar. Geliň bu barada gysgaça durup geçeliň. “Scaled inference” Google-yň öňki işgärleriniň topary. Bu kompaniýa hyzmatlarda we amaly ulgamlarda emeli aňy ulanmak isleýän kompaniýalar üçin platforma hödürleýän taslama başladylar. Bu pikir, emeli aň pudagynda ägirt uly rezonans döretdi we rekord döwürde takmynan 8 million dollar maýa goýum toplady. “Amazon” bu kompaniýa ilkinji bolup söwda üçin interneti ulandy. Häzirki wagtda dürli önümleri hödürleýän dünýä belli onlaýn dükany hökmünde tanalýar. Işiň üstünlikli bolmagy, çalt bazar analitikasy we şertsiz girdeji üçin kompaniýanyň inženerleri emeli aňy işläp taýýarladylar. “Amazon” häzirki wagtda galplyklary ýok etmek, satuwlary seljermek we satuw netijelerini çaklamak üçin bu platformany ýagny emeli aňy ulanýar. “Apple” kompaniýasynyň telefonlary we beýleki enjamlary köpden bäri emeli aň bilen enjamlaşdyrylyp gelinýär, emma häzirki wagtda “Siri” iň gyzykly oýlap tapyşy hasaplanýar. Bu iOS üçin döredilen şahsy kömekçi sorag-jogap ulgamy. Enjamyň eýesiniň sesini tanaýar we berlen soraga jogap berýär. “Google” kompaniýasynyň inženerleri täze önümiň – iň bolmanda iň ýönekeý söhbetdeşligi alyp baryp bilýän maşynyň üstünde işjeň işleýärler. Häzirki wagtda adyny, doglan ýerini we doglan wagtyny, şeýle hem iň ýönekeý maglumatlary habar berip we film subtitrlerini gaýtadan işläp bilýär. “IBM” iň uly kompaniýalaryň biri bolup emeli aňy döretmek boýunça ilkinji bolup işe başlady. Häzirki wagtda bu ugurda köp ösüşlere eýe boldy. Şeýle hem, ol emeli aň boýunça iş alyp barýan gyzykly ýaş kompaniýalary maliýeleşdirýär.

Emeli aň oýun pudagynda-da ulanylýar, mysal üçin, wideo oýunlarynda adamlar ýok ýa-da islenmeýän halatynda garşydaşlaryň roluny oýnamak üçin döredilen botlar ulanylýar. 2018-nji ýylda Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri bir-birine garşy çykýan garşydaş torlary döretdiler we “Doom” atyjy oýny ulanyp tälim berdiler. Okuw döwründe nerw ulgamlary bu oýnuň derejelerini gurmagyň esasy ýörelgelerini kesgitlediler we şondan soň adamlaryň kömegi bolmazdan täze derejeleri döredip bildiler. Şeýle hem 1996-njy ýylda dünýä belli küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow bilen küşt oýny üçin ýöriteleşdirilen “Deep Blue” superkompýuteriniň arasynda bäsleşik geçirilýär. Oýunyň netijesi 4:2 bolup Kasparowyň peýdasyna tamamlanýar. Garşydaş hökmünde sekuntda 100 million göçümi seljerip, olaryň arasyndan mynasyp göçümi saýlap bilýän kompýuter ýeňilenden soň, soňky iki oýunda “Deep Blue” kompýuteriniň has güýçlendirilen görnüşi, sekuntda 200 million göçümi seljerip bilýän kompýuter bäsleşdirilýär we ýeňiş gazanýar.

Guwanç Serdarow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

“IPhone 13” 17-nji sentýabrdan satuwa çykar

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar