Elektron senagaty – döwrüň derwaýys meselesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bazar ýörelgeleri esasynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek ýurdumyzyň esasy wezipeleriniň biridir.

Hormaty Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy iýulynda 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, elektron senagatyny we hususy  telekeçiligi ösdürmek, olaryň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen alnyp barylýan işleri güýçlendirmekligi aýratyn nygtamagy bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere ünsüň ýokarydygyny görkezýär.

Senagat syýasatynyň baş wezipesi hökmünde, ähli pudaklary häzirki zaman tehnikalary we materiallary bilen üpjün edýän tehnologiýanyň senagat toplumy üçin ähmiýetli bolan progressiw binýatlaýyn önümçiligiň ösdürilmegi, şeýle-de onuň ykdysady taýdan durnukly saklanmagy çykyş edýär.

Senagat — tebigy baýlyklary, oba hojalyk önümlerini, senagatda taýýarlanylýan çig mallary gaýtadan işläp, taýyn haryda öwürýän halk hojalygynyň möhüm pudagydyr. Şeýle-de senagat maddy önümçiligiň hem baş pudagydyr. Çünki islendik önümçilik pudagynyň barha ýöriteleşmegi we ösmegi üçin kämil tehnikalardyr enjamlar zerurdyr.

Elektron senagatlaşma — ylmy-tehniki öwrülişigiň netijesinde ýurduň senagat potensialynyň ornuny täze innowasion görnüşleriň işlenip taýýarlanylmagy we onuň önümleriniň hiliniň hem-de häzirki zaman tehnologiýa önümçiliginiň ýokary derejeli döredilmegidir. Bu pudak dünýä ykdysatçylary tarapyndan käbir edebiýat çeşmelerinde çylşyrymly tehnikalaryň önümçiligi diýlip hem atlandyrylýar.

Häzirki döwürde senagatlaşdyrmak strategiýasyndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda elektron resminama dolanyşygyny, döwrebap elektron enjamlaryny we robot önümçiligini görkezmek bolar. Gündelik durmuşymyzda ulanýan elektron enjamlarymyzy öz ýurdumyzda öndürmegimiz milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Çünki halkara bazarlarda elektronika enjamlarynyň eksportynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmeklige esasy görkeziji hökmünde seredilýändigi mälimdir.

Ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan elektron senagaty ylmy köp talap edýän we tehnologik taýdan çylşyrymly pudak hasaplanylýar.

Elbet-de döwrüň täzelenişi, täze pikirleri we täze önümçilikleri talap edişi ýaly, elektron senagaty hem ylmyň täze gazananlaryny, tehnikanyň we tehnologiýanyň ösüşini talap edýär. Elektron senagaty diňe bir önümçilige zerur bolan tehnikany däl, eýsem iri pudaklaryň biri bolan maşyngurluşygyny hem öz içine alýar. Ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, elektron senagatynyň düzümine aragatnaşyk, senagat, awtomobil we lukmançylyk tehnikalary, kompýuterler, ilatyň sarp edýän elektron enjamlary, harby tehnikalar we başgada birnäçe önümçilik tehnikalary degişlidir. Bu pudaklarda bäsleşigiň ýokary derejesi elektron önümleriniň hiliniň ýokary bolmagyny we döwrebaplygyny talap edýär.

Häzirki wagtda türkmen işewürlerimiz tarapyndan hem ykjam el telefonlary, kompýuterler, sowadyjylaryň dürli görnüşleri we telewizorlar öndürilip halk köpçüligine ýetirilýär, şeýle-de dünýä bazaryna çykarylýar. Olaryň dünýä bazarynda öz ornuny tapmagy elektron senagatyň ösmeginde alnyp barylýan işleriň gowy netije berýändigini görkezýär. Mahlasy, täze tehnologiýalary eksport edýän ýurtlaryň ykdysady ösüş babatda oňyn netijeleri gazanýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Bilşimiz ýaly, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän elektronika enjamlarynyň diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, daşary ýurt maýa goýujylaryň pudaga gatnaşmaga isleg bildirmekleri hem türkmen önümleriniň daşary ýurtlarda uly islege mynasyp harytlardygyny äşgär edýär.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda täze ylmy çemeleşmeleriň üsti bilen elektron senagatynyň ösdürilmegi guwandyryjy ýagdaý. Prezident Maksatnamasynda, şeýle-de 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda elektron senagatyny ösdürmek boýunça birnäçe wezipeler göz öňünde tutulan. Esasy wezipelerden ugur alyp ýurdumyzda ýakyn geljekde bu ugurda dürli göwrümli kärhanalaryň, ownujak mikroshemalardan başlap maşyngurluşygy pudagyna çenli önümçilikleriň döredilmegi maksat edinilýär.

Elektron senagaty häzirki zaman maşyngurluşygynda iň ýokary ylmy tutumly pudak bolup, ösen ýurtlarda umumy senagatynyň 2/3 bölegini eýeleýär diýsek hem hakykatdan daş düşmeris. Çünki pudagyň halkara derejesinde ykdysady ösüşe öz mynasyp goşandyny goşýan ýurtlaryň jemi içerki önümdäki paýy ýokarydyr. Bu bolsa ykdysadyýetde döreýän işsizlik, önümçiligiň yza galmagy ýaly meseleleriň aradan aýrylmagyna şert döredýär.

Dürli ýurtlaryň senagat pudagynda elektron senagaty öňdäki orunlary eýeleýär. Bu esasan-da, Aziýanyň täze senagatlaşan ýurtlaryna mahsusdyr. Olaryň hatarynda: Singapur, Koreýa Respublikasyny we Hytaý halk Respublikasyny görkezmek bolar. Bu ýurtlarda elektron senagaty döwletiň ýöriteleşen ugruna öwrülendir. Bu ýurtlaryň käbirinde elektron senagata bütin senagat önümleriniň ýarysyndan hem gowragy degişli.

Häzirki wagtda elektron senagatynyň esasy düzümini 2 sany önümçilik toplumy düzýär. Birinjisi, ähli elektron enjamlarynda we serişdelerinde ulanylýan düzüm bölekleri (mikroshemalar); ikinjisi, önümçiligi tamamlaýan ahyrky toplum (taýyn haryt). Netijede gaýtalanýan önümçilik döreýär we täze önüm öndürilýär.

Elbetde senagatyň bu görnüşiniň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy, geljekde senagatymyzy ösdürmekde ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolar. Netijede ykdysadyýetimiziň senagat syýasatynyň pugtalanmagyna, önümçiligiň giňelmegine we täze döwrebap önümçilikleriň ýüze çykmagyna oňyn täsirini ýetirer.

 Jumageldi Salamow

Ýewropa Bileleşigi sanjym maksadyna ýetdi

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar