TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Elektron hökümet — täze sepgit

Mundan takmynan 30 ýyl töweregi öň biz täze maglumatlary kitaplardan, gazet-žurnallardan ýa-da adamlardan alýardyk. Häzirki wagtda el telefonynyň, kompýuteriň, tele we radio gepleşikleriň kömegi bilen islendik maglumaty sanlyja sekuntlaryň içinde alyp bolýar. Hut şonuň üçin-de XXI asyr maglumatlar asyry hasaplanýar. Geliň, sanly tehnologiýalaryň biziň durmuşymyza nähili üýtgeşmeleri girizendigini göreliň.

1941-nji ýylda ilkinji kompýuter döredildi. «Mark 1» adyny alan kompýuteri professor Howard Eiken oýlap tapdy we IBM kompaniýasy tarapyndan harby ulanyşa goýberildi. Ýeri gelende bellesek, bu kompýuteriň bahasy 0.5 million dollar bolupdyr. Şeýlelikde, sanly ulgam öz gözbaşyny XX asyrdan alyp gaýdýar diýsek ýalňyşmarys. Sanly ulgama kompýuterler, ykjam el telefonlary, elektron enjamlar, programmalar degişlidir. Häzirki wagtda bu tehnologiýalar durmuşyň islendik ugurlarynda işjeň ulanylýar.

Megerem, siz «elektron hökümet» sözüni eşiden bolsaňyz gerek. Elektron hökümetiň aýratynlyklary, gurluşy we peýdasy nämelerden ybarat. Häzirki ösen innowasiýalar döwründe ýyldyrym tizliginde amala aşýan özgertmelerden, üýtgeşmelerden habarly bolmagymyz gerek. Bu biziň döwür bilen aýakdaş gadam basmagymyz we yzygiderli kämilleşmegimiz üçin möhümdir. Elektron hökümeti düşünjesini bilmek bu ugurda bize uly kömek bolar. Elektron hökümeti XXI asyryň täze hökümeti hasaplanýar we bu düşünje geçen asyryň 90-njy ýyllarynda peýda boldy.

Bu adalga ilkinji gezek ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Bill Klintonyň diwanynyň iş dolandyryş müdirliginde ulanylyp başlanypdyr. Şeýle hökümetde halk we häkimiýet gatlagy birleşýär, hyzmatlar bir bitewi ulgama birigip, elýeterliligi, ýeňilligi, amatlylygy bilen tapawutlanýar. Elbetde, bu maksatlary amal etmekde ýokary öndürijilikli kämil tehnologiýalar, enjamlar ulanylýar. «Elektron hökümet» hyzmatlary G2G, G2E, G2C we G2B ýaly görnüşlere bölünýär. Geliň, bu modeller barada durup geçeliň.

G2C (Hökümet – raýatlara) – Döwlet hyzmatlaryny we maglumatlaryny hökümetden raýatlara birtaraplaýyn bermek;

C2G (Raýatlar – hökümete) – Raýatlaryň we hökümetiň arasynda informasiýany alyş-çalyş etmek mümkinçiligi;

G2B (Hökümet – biznese) – Elektron transaksiýalardan durýar, onda hökümet biznese olara hökümet bilen transaksiýalarda gerekli, kesgitli maglumaty berýär. Mysal bolup elektron satyn alyş ulgamy gulluk edip biler;

B2G (Biznez – hökümete) – Has netijeli bolmakda hökümete kömek bermek üçin, hökümet üçin önümi we hyzmatlary ýerlemeklige degişli, meselem, biznes-posesleri we elektron hasaba alyş ýazgylaryny dolandyrmak ulgamlaryny gowulandyrmak ýoly bilen. Elektron satyn alyşlaryň ulgamy G2B bilen hem, şeýle hem, B2G bilen hem bilelikdäki hereketi ýeňilleşdirýän goşundy bolup durýar;

G2E (Hökümet – işgärlere) – Döwlet gulluklaryny dolandyrmagy we döwlet gullukçylary bilen içerki baglanyşygy ýeňilleşdirýän başlangyçlardan durýar. Mysal – adam resurslaryny dolandyrýan onlaýn-ulgam;

G2G (Hökümet – hökümete) – Döwlet pudaklarynyň ýa-da edaralarynyň arasynda toplumlaýyn maglumatlar bazalarynyň çäklerinde onlaýn kommunikasiýalar we maglumatlary alyş-çalyş mümkinçiligini berýär;

G2N (Hökümet – telekeçilik däl guramalara) – Hökümet telekeçilik däl guramalara, syýasy partiýalara we jemgyýetçilik guramalaryna maglumatlary berýär;

N2G (Telekeçilik däl guramalar – hökümete) – Hökümetiň hem-de telekeçilik däl guramalaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda maglumaty alyş-çalyş we arabaglanyşyk mümkinçiligini berýär;

Görşüňiz ýaly, elektron hökümet hyzmatdaşlygyň iki görnüşini öz içine alýar. Ýagny, içerki we daşarky hyzmatdaşlyk, oňa häkimiýetiň şahalarynyň (ýerine ýetiriji, kanunçylyk we kazyýet) arasyndaky we içersindäki bilelikdäki hereket hem-de daşarky hyzmatdaşlyk, hökümetiň, raýatlaryň we biznesiň arasyndaky gatnaşyklar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy we «Elektron hökümet» elektron resminamalar dolanyşygy ýola goýuldy. Şonuň netijesinde («e.gov.tm») döwlet hyzmatlarynyň resmi portaly döredildi. Elektron ulgamynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy dolandyryş we hojalygy ýöretmek meseleleriniň çalt çözülmegine, dürli ulgamlarda ilata edilýän hyzmatyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam etdi. Ildeşlerimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, senagatda, gurluşykda, demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynda, telekommunikasiýalar ulgamynda, lukmançylykda, dokma, azyk senagatynda we beýleki pudaklarda hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler. Bu poratlda döwletiň bilim we medeniýet, saglyk, passport, registrasiýa, wiza, transport, sürüjilik, pensiýa, kömek puly, tutumlar, maşgala we çagalar, salgytlar we maýa goýumlar, telekeçilik we jemagat hojalygy birleşigi, awtoulag ýol jerimelerini tölemek, suw, elektroenergiýa, gaz we ýylylyk töleglerini geçirmek, transport serişdelerine bilet almak, fiziki we ýuridik şahslar üçin salgyt hasabatyny ýöretmek, salgyt deklarasiýasyny kabul etmek, nika baglaşmagy we dogluşy bellige almak, lukmany öýüňe çagyrmak we lukmana ýazylmak ýaly hyzmatlar bar. Görşümiz ýaly, elektron hökümet dolanyşygy durmuşyň ähli gatlaklarynda döwrebap, ajaýyp ýeňillikleri döredip, geljegiň kämil ulgamyny döretmekde esas bolup hyzmat edýär.

Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi hemmetaraplaýyn ösüş-özgeriş ýoluna ataran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy belent, tututmly işleri elmydama rowaç bolsun!

Serdar ATAÝEW,

«Oilgas.gov.tm», «Turkmengaz.gov.tm» saýtlarynyň web hünärmeni.

Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi boldy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle