SPORT

“El Klasiko”: “Barselona” “Realy” ýeňdi

Dünýäniň iň köp janköýer we tomaşaçy çekýän futbol duşuşyklarynyň biri bolan “El Klasiko”, ýagny Ispaniýanyň “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bu gezek ABŞ-da geçirildi.

Täze möwsümiň öňüsyrasynda taýýarlyk we ýoldaşlyk duşuşyklarynyň çäklerinde bu iki topar Las-Wegasda duşuşdy.

Duşuşyk “Barselona” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 27-nji minutda “Barselona” toparynyň täze satyn alan futbolçysy Rafinýa öz adyna ýazdyrdy.

“Barselona” toparynyň düzüminde ýene-de bir täze satyn alan futbolçysy Robert Lewandowski hem oýnady.

“Real Madrid” toparynyň düzüminde bolsa, topara täze goşulan Antonio Rýudiger we Orelýen Tuameni hem çykyş etdi.

Las-Wegasdaky “Allegiant” stadionynda geçirilen duşuşygyň iň arza bileti 346 ýewro deň boldy.

Bu iki topar öz aralarynda 282 gezek duşuşdy.

“Barselona” topary täze möwsüme taýýarlygyň çäklerinde 27-nji iýulda Italiýanyň “Ýuwentus” topary bilen, “Real” bolsa şol gün Meksikanyň “Amerika” topary bilen duşuşar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/2-million-yewro-aldy-32-million-yewro-satdy/

Ýene-de okaň

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy