TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ekologiýa abadançylygynyň dabaralanmasy

Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär. Şu ýylyň martynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda 145 milliondan gowrak bag nahalynyň ekilendigini bellemek gerek. Munuň özi aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edip, sebitde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine hem goşant goşýar.

Aşgabat özüniň paýtagt derejesinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmelere itergi berýär. Ekologiýa baş şäherimizi ösdürmegiň konsepsiýasynda esasy ugur bolup, paýtagtymyzda adamlaryň abadan durmuşy üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleri şertlendirýär.

Şeýle giň möçberli işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabatda ajaýyp gök we tokaý zolaklary döredildi, olaryň çägi barha giňeldilýär. Dürli görnüşli baglary, bezeg ösümlikleri, gülleri hem-de beýleki bezegleri bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp seýilgähler ak mermerli türkmen paýtagtynyň hakyky bezegine öwrüldi. Şular ýaly işler Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli künjeginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň sebitleriniň giň çäklerinde eýýäm tokaý zolaklary emele geldi. Olar Diýarymyzyň tebigy keşbini özgertmek bilen, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralmagyna hem-de baýlaşmagyna ýardam berýär. Şeýle-de “gök guşaklar” ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli ýellerden goraýar, topragyň gatlaklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga täsirini ýetirýär, adamlaryň saglygy üçin oňaýly howa şertlerini döredýär.

Döwlet Baştutanymyz şäher ilatynyň ýaşaýşy hem-de döredijilikli zähmeti üçin amatly gurşawyň döredilmegini, adamlaryň wagtlaryny peýdaly we şatlykly geçirmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegini paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Soňky ýyllarda tutuş etraplar döwrebaplaşdyryldy, ähli zerur düzümi bolan täze ýaşaýyş toplumlary, seýilgähler emele geldi. Paýtagtymyzda şäher ösüşiniň konsepsiýasy tapgyrlaýyn esasda oýlanyşykly durmuşa geçirilýär.

Şäheriň gözelligi we arassalygy paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, adamlaryň döredijilik we watansöýüjilik ruhuny belende göterýär. Şäheriň çäginde seýilgäh zolaklarynyň köpelmegi, meýdançalarda, ýol ýakalarynda hem-de paýtagtymyzyň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi we bar bolan baglara degişli derejede ideg edilmegi ekologiýa ýagdaýyny ýokarlandyrýar. Seýilgähleriň belent başly suw çüwdürimleri bilen utgaşmagy ýakymly howa gurşawyny emele getirýär.

Bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegi adamzadyň durmuşynda aýratyn wajyp hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu künjegiň topragyna baglaryň durnukly görnüşleriniň seçilip alynmagy, şunda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmegi işiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.

Ýagşygül Saryýewa, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Muhammet Welmyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Türkmenistan öňüni alyş çäklendirmelerini ýeňilleşdirýär

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle