JEMGYÝET

ÝUNISEF: Türkmen telewideniýesi üçin wideoşekilleri

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky edarasy ilaty dürli ýokançlardan goramak üçin ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirýär. Bu gatnaşyklaryň netijesinde milli telewideniýede çagalar üçin wideoşekiller döredildi. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasy we BSGG-niň Ýurt edarasy tarapyndan geçirilen onlaýn brifingde aýdyldy.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifingde hem nygtalyşy ýaly, bu wideoşekiller ilaty maglumatlar bilen doly üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Olarda düşündiriş-oýun görnüşinde şahsy arassaçylygyň, sagdyn durmuş kadalarynyň wajyplygy, özüňi alyp barmagyň medeniýeti we beýlekiler barada gürrüň berilýär. Şeýle habarlar multifilmlerde hem görkeziler. Häzirki wagtda olar ýaýlyma taýýarlanylýar.    

 

Ýene-de okaň

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi