22/10/2020 8:03
Home DURMUŞ Täze elektron gazet öz işine başlady :USSAT NEWS

Täze elektron gazet öz işine başlady :USSAT NEWS

Türkmenistanda soňky döwürde internet neşirleriň sany yzygiderli artýar we täze-täze internet neşirler Türkmenistanyň habarlar ulgamyny baýlaşdyrýar.

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda USSAT NEWS (www.ussatnews.com) elektron gazeti öz işine başlady. Täze elektron neşir ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ösüşi, dürli pudaklarda giň gerimli milli maksatnamalaryň we iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýerleri, türkmen halkynyň baý medeniýeti we özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berýän makalalary, medeniýet we sungat işgärleri, sport ussatlary, žurnalistler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlik gazanan telekeçiler we döwlet düzümleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikleri, türkmen metbugatynyň sahypalaryndan makalalary, peýdaly maslahatlary, özüne çekiji suratlary hem-de wideo materiallary çap etmegi maksat edinýär.

Neşiriň ilkinji habarlarynyň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň USSAT NEWS elektron gazetiniň işine ak pata berendigi baradaky habar we Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa bilen gurnalan söhbetdeşlik aýratyn ünsi çekýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty öz işine başlan USSAT NEWS (www.ussatnews.com ) elektron gazetine uly üstünlikler arzuw edýär we täze neşir bilen Ata Watanymyz baradaky habarlary dünýä halk köpçüligine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etjekdigimize berk ynanýarys!

Okap bilersiňiz  Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda elektrik energiýasy hyzmatdaşlygy
Okap bilersiňiz  Türkmen Lideri Türkmenistanda doglan kosmonawty doglan güni bilen gutlady

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  Türkiýede orta mekdepleriň başlaýan wagty belli boldy
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Baky ýaşarlar

Yşk, söýgi! Biziň türkmen  halkynda bu tema degişli ata-babalarymyzdan galan diýseň baý mirasymyz  bar. Söýgä diňe birtaraplaýyn seretmeli däl. Söýginiň özi hem ägirt  uly...

Göz-penjire, ýürek-aýna

Täze nikalaşan maşgala täze öýüne göçüp geldiler. Irden ertirlik edinýärdiler, goňşysy ýuwulan eşiklerini serýärdi. Gelin ýoldaşyna: “Eşiklerini gowy ýuwmandyr, gowy tämizleýiji serişdesini ulanmaýarmyka” –diýdi....

Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň Sargytçy edara bilen ...

Türkmenistan bilen BAE dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa...