TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Dünýäniň ilaty we ykdysady ösüş: 2050-nji ýyl

Ilatyň artmagy, esasan hem, şäherleşmäniň artmagy energiýa bazaryna gönüden göni täsir edýändigini  hasaba alyp, dünýä ilaty baradaky çaklamalary seljermek isleýäris. Ýadyňyza düşýän bolsa ýakynda Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň( GECF) her ýyl neşir edilýän “GECF Global Gas Outlook 2050” maglumatnamasynyň 5-nji goýberilişini seljerip başlapdyk.

Maglumatnamada bellenişine görä, 2050-nji ýylda dünýä ilatynyň sanynyň jemi 9,7 milliard adama barabar bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji şu wagt 7,7 milliarda barabar. Başgaça aýdanymyzda dünýä ilaty 2030-nji ýyla çenli 800 million, 2050-nji ýyla çenli bolsa 2 millard artmagyna garaşylýar. Bellemeli zat, ilatyň artyş tizligi, 2000-2019-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde, 2025-2050-nji ýyllarda pese gaçmagyna, has takygy, geçen 20 ýylda dünýä ilatynyň artyşy ýyllyk ortaça 1,2 göterim bolsa, gelejekde bu görkezijiniň ýyllyk 0,7 göterime çenli pese gaçmagyna garaşylýar.

Ýakyn gelejekde dünýäde şäherleşmäniň, ýagny, şäherlerde ýaşaýan ilatyň sanynyň artmagyna garaşylýar.  Eger 1950-nji ýylda dünýä ilatynyň  29 göterimi şäherlerde ýaşan bolsa, bu görkeziji 1980-nji ýylda 39 göterime, häzirki döwürde bolsa 56 göterime çenli çykypdyr. Ýene 30 ýyldan bolsa, dünýä ilatynyň 69 göterimi şäherlerde ýaşasa gerek. Diýmek, 100 ýylda şäherleşme 29 göterimden 69 göterime, ýagny 2,3 esseden ýokary artmagyna garaşylýar.

Ilat sany esasan hem Afrika sebitinde artmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda dünýäniň iň köp ilatly ýurdy Hytaýdygyna garamazdan, ýakyn gelejekde Hindistanyň öňe geçjekdigi hasaplanylýar.

Global ykdysadyýetiň ösüş tizliginiň geçen 20 ýyla göre pese gaçýandygyna garamazdan, ýakyn gelejekde dünýä ykdysadyýetinň ösmegine garaşylýar. Has takygy, eger 2000-2019-nji ýyllarda dünýä ykdysadyýeti her ýyl ortaça 3 göterim ösen bolsa, bu görkezijiniň 2019-2025-nji ýyllarda her ýyl ortaça 1,9 göterim, 2025-2050-nji ýyllarda bolsa 2,7 göterim ösmegine garaşylýar.

GECF :”Mawy altyn” iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle